Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýolbeledi: “Syýahata gelýänler barada ýörite gulluklara maglumat bermeli”


Daşary ýurtly syýahatçylar Aşgabady gezýärler. Arhiwden
Daşary ýurtly syýahatçylar Aşgabady gezýärler. Arhiwden

“Türkmenistana daşary ýurtly biri gelende, biz – syýahatçy gidi hökmünde onuň ýanynda uzakly gün bolup, onuň hereketleri barada howpsuzlyk gullugyna günde azyndan üç gezek maglumat bermeli bolýarys” diýip, Aşgabadyň syýahatçylyk agentlikleriniň birinde işleýänleriň biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen şahsyýetini gizlinlik saklamak şerti bilen habarlaşan syýahatçylyk pudagynyň işgäri soňky döwür “daşardan gelýänler barada maglumat bermek talabynyň has-da güýçlenendigini” aýtdy.

“Bize howpsuzlyk gullugyndan ýörite bir adam bellenýär. Olar dowamly jaň edip, [ýanymyzdaky daşary ýurtly barada] maglumat soraýarlar. [Howpsuzlyk] agentleri munuň bilen hem çäklenmän, özleri hem bildirmän turisti maşyn bilen ýa-da bazarlarda alyjy bolan bolup yzarlaýarlar” diýip, ol gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, eger-de maglumat wagtynda ýa-da syýahatçynyň aýlanan ýerleri barada doly gürrüň berilmese, onda bellenilen hopwsuzlyk işgäri syýahatçylyk gidine basyş edip, oňa ýörite düşündiriş hem ýazdyrýar.

Şeýle-de, ol işleýän ýerinde aýlygyň az, onuň hem gijikdirilip berilýändigini aýdyp, daşardan gelenlere “çaý haky” hökmünde “el sermeli” bolýandyklaryny-da aýtdy.

“Meniň uly maşgalam bar. Berýän aýlyklary olary eklemäge ýetenok. Başga ýerde işem ýok. Şol sebäpli, ýüzümizi garaldyp, [daşary ýurtly syýahatça ‘çaý haky’ diýip,] el serýäris” diýip, ol sözüne goşdy.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan bu ildeşimiziň işleýän syýahatçylyk edarasyna, şeýle-de, Milli howpsuzlyk ministrligine jaň edip, ýokarky maglumatlar dogrusynda nähilidir bir kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.

Emma Türkmenistanda bolup gelen daşary ýurtlularyň aglabasy baran pursatlary ýanlaryna ýörite syýahatçylyk ýolbelediniň berkidilýändigini, olaryň dowamly ýanlarynda bolýandygyny; şeýle-de ýurtda ‘surata düşürip ýa-da düşürip bolmaýan zatlaryň’ bardygyny hem gürrüň berýärler.

Galyberse-de, Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk, şeýle-de syýahata gelmek üçin wiza almagy iň bir kyn ýurtlarynyň hatarynda agzalýar. Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri – anyk sanlary bermeseler-de – ýurtda turizmiň ösýändigini we syýahata gelýän daşary ýurtly ‘myhmanlaryň’ köpelýändigini öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG