Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow: Aşgabatda hususy awtoserwislere gözegçiligi güýçlendirmeli


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow ýurduň içeri işler ministriniň alyp barýan işlerine düýpli nägilelik bildirip, Aşgabatda hususy awtoserwislere gözegçiligi güýçlendirmegi berk talap etdi.

Türkmen lideri bu barada 24-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda belläp, häzirki döwürde ýurduň Içeri işler ministrliginiň ähli düzümleriniň “maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilýändigine, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň işjeň ornaşdyrylýandygyna” garamazdan, paýtagtda we onuň töwereklerinde awtoulaglara hyzmat edýän bölümleriň bikanun hereket edýän ýerleriniň bardygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol ulaglary ýuwmak hyzmatyny ýerine ýetirýän bölümlerde köplenç halatda agyz suwunyň ulanylýandygyny, oňa ministrlik tarapyndan degişli gözegçiligiň ýola goýulmaýandygyny belläp, içeri işler ministri Isgender Mulikowdan “nogsanlyklary gyssagly düzetmek boýunça degişli işi alyp barmagy berk talap etdi”.

“Ähli ugurlarda bolşy ýaly bu düzümlerde-de kanunçylygyň berjaý edilmegi, tertip-düzgüniň berkidilmegi, ulaglara hyzmat edýän bölümlere Salgyt gullugynyň yzygiderli gözegçiliginiň ýola goýulmagy döwrüň möhüm talabydyr” diýlip, resmi metbugatyň habarynda nygtalýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, häzirki wagt Aşgabatda we onuň töwereginde hususy eýeçilikdäki awtoserwisleriň azyndan 1000-si we awtoýuwalgalaryň azyndan 500-si hereket edýär. Bularyň onlarçasy döwlet tarapyndan hasaba alnan bolsa, ýüzlerçesi resmi derejede hasaba alynmazdan, öz işlerini dowam etdirýärler.

Aýdylmagyna görä, döwlet eýeçiligindäki ýa-da döwlet tarapyndan hasaba alnan hususy eýeçilikdäki awtoserwisleriň we awtoýuwalgalaryň sanynyň juda azlygy, ol ýerdäki nobatlaryň örän uludygy we bahalaryň hem azyndan iki esse gymmatlygy sebäpli, ýaşaýjylaryň aglabasy hasaba alynmadyk awtoserwislere barýarlar.

Indi ençeme ýyl bäri hereket edýän bu awtoserwislere we awtoýuwalgalara döwlet tarapyndan gözegçiligiň edil häzirki pursatda güýçlendirilmeginiň sebäpleri barada anyk maglumat berilmeýär.

Emma aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, Türkmenistan her näçe “biz batly gadamlar bilen öňe barýas” diýse-de, şeýle karara gelinmegine dünýädäki ykdysady çökgünlilik we energiýa serişdeleriniň bahalarynyň pese gaçmagy netijesinde ýurtda emele gelen ykdysady kynçylyklar sebäp bolýar.

“Haçan-da, döwlet gaznasyna gelýän girdejiler azalan wagtynda ýa salgytlaryň mukdary, ýa-da salgytlaryň görnüşi artdyrylýar. Bu mundan 100, 200 ýyl öňem şeýledi, häzirem şeýle bolmagynda galýar” diýip, Bugaýew aýdýar.

Onuň sözlerine görä, gürrüňi edilýän ýerlere döwlet tarapyndan edilýän gözegçilik güýçlense, onda bu olaryň aglabasynyň ýapylmagyna, şeýlede sanynyň juda azaldylmagyna getirip biler. Bu bolsa, şol ýerlerde işleýän işçilere we awtoulag eýelerine oňaýsyz, döwlet eýeçiligindäki awtoserwisleriň we awtoýuwalgalaryň müşderilerini köpeltmek arkaly, olaryň işine oňaýly täsir ýetirer.

“Galyberse-de, awtoýuwalgalaryň sanynyň azaldylmagy Aşgabatda ýa-da welaýat merkezlerinde awtoulaglaryň köçä çykmagyny hem kynlaşdyrar. Sebäbi soňky döwürde Türkmenistanda awtoulaglaryň hökmany arassa bolmalydygy hakyndaky talap juda güýçli. Hatda gar-ýagmyr ýagyp durka-da, maşyn hapa bolsa, ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýanyň işgärleri awtoulagy saklap, ‘seniň maşynyň näme üçin hapa? Näme üçin hapa maşyn bilen köçä çykdyň?’ diýip, olara ägirt uly mukdardaky jerimäni salýarlar” diýip, Bugaýew aýtdy.

Türkmenistanda awtoulagy hapa sürüjilere salynýan jerimäniň mukdary birinji gezekde 100 manada deň bolup, ikinji we ondan soňky gezeklerde 300 manada barabardyr. Awtoulagy hapa bolany sebäpli soňky alty aýyň dowamynda üç gezek jerime salnan sürüjileriň bir ýyla çenli sürüjilik şahadatnamasynyň elinden alynýan ýagdaýy hem bolýar.

Teswirleri gör (9)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG