Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Senatynyň ähli agzalary Ak tamdaky brifinge çagyryldy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň ýokary derejeli agzalary Demirgazyk Koreýadaky ýagdaýlar barada, ABŞ-nyň Senatynyň ähli agzalary üçin, 26-njy aprelde Ak tamda brifing geçirýärler.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson, goranmak sekretary Jim Mattis, Milli aňtaw gullugynyň direktory Dan Coats we Baş ştabyň komanduýuşiýsi Joseph Dunford tarapyndan Senatyň ähli 100 senatory brifinge çagyryldy diýip, Ak tam aýtdy.

Trampyň administrasiýasy Demirgazyk Koreýanyň ýadro we raketa synaglary, şeýle-de munuň Birleşen Ştatlara we onuň ýaranlaryna hüjüm etmek howpunyň bardygy barada, aladalaryň artýandygyny beýan edipdi.

Birleşen Ştatlaryň Senatynyň ähli agzalarynyň bilelikde Ak tama barmagy we oňa gürrüňi edilýän dört resminiň gatnaşmagy adaty däl ýagdaýdyr.

Aslynda, bu brifingiň Kapitol binasynda geçirilmegi planlaşdyrylypdy, emma Tramp ony Ak tamda geçirmegi teklip etdi diýip, Kongresiň kömekçisi aýtdy. Ak tam ýygnaga Trampyň hem belli bir wagt aralygynda gatnaşmagy planlaşdyrýandygyny mälim etdi.

Bu brifing 26-njy aprelde Birleşen Ştatlaryň harbylary özüniň raketadan goranyş sistemasynyň böleklerini Günorta Koreýa ornaşdyryp başlan we bu hereketi Russiýanyň, Hytaýyň ýazgaran wagtyna gabat geldi.

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi ABŞ-nyň ballistik raketalara garşy sistemasynyň (THAAD) elementleriniň ýörite territoriýa, ýagny paýtagt Seuldan takmynan 260 kilometr günortadaky öňki golf meýdançasyna aşyrylandygyny aýtdy.

“Günorta Koreýa we Birleşen Ştatlar Demirgazyk Koreýanyň salýan ýadro we raketa howpuna gaýtawul bermek üçin, raketalara garşy sistemanyň (THAAD) wagtyndan ir işledilmek mümkinçiligini gazanmagyň üstünde işleýärler” diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

Bu sistemanyň şu ýylyň aýagyna çenli işläp başlamagyna garaşylýar diýlip, beýanatda nygtalýar.

Bu baradaky beýanat Demirgazyk Koreýanyň 25-nji aprelde, özüniň Koreýa Halk armiýasynyň döredilmeginiň 85-nji ýyl dönümi mynasybetli artilleriýa oklaryny uçurmagyndan bir gün soňa gabat geldi. Şol güni Birleşen Ştatlaryň dolandyryjylygyndaky suwasty raketa gämisi Günorta Koreýanyň kenarlaryna ýerleşdirildi.

Geçen ýyl Birleşen Ştatlar we Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýadan abanýan potensial raketa howpuna garşy göreşmek üçin, “THAAD” raketa goranyş sistemasyny ornaşdyrmak barada ylalaşypdylar. Olar munuň diňe goranyş maksatlydygyny aýdýarlar.

Muňa garamazdan, “THAAD” sistemasyny ýerleşdirmek baradaky ädimleriň çaltlaşdyrylmagy Orsýet tarapyndan ýazgaryldy.

26-njy aprelde Moskwada geçirilen howpsuzlyk konferensiýasynda, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň ballistik raketalara garşy sistemasynyň (THAAD) “gyssagly ornaşdyrylmagynyň” Koreýa ýarym adasynda durnuksyzlandyryjy faktor bolup durýandygyny aýtdy.

Lawrowyň sözlerine görä, Orsýet “Phenýanyň raketa we ýadro programmalarynyň amala aşyrylmagynyň dowam etdirilmegine, şeýle-de ABŞ-nyň we onuň regional ýaranlarynyň Demirgazyk Koreýanyň salýan howpuna salgylanmak bilen ýagdaýa laýyk bolmadyk möçberde harby aktiwligini güýçlendirmegine” çuňňur aladalanma bildirýär.

Hytaý ABŞ-nyň THAAD sistemasynyň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, Waşingtona we Seula aladalanma bildirendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG