Ysraýylyň Damaskyň halkara aeroportunyň golaýynda “harby pozisiýa” diýlen nyşana uran raketa zarbasy uly partlama sebäp boldy, diýip Siriýanyň döwlet mediasy habar berdi.
"Damaskyň Halkara aeroportunyň günorta-günbataryndaky harby pozisiýa şu gün daňdan Ysraýylyň okkupirlenen territoriýadan atan birnäçe raketasynyň ulanylmagyndaky agressiýasynyň nyşanyna düşdi we giňişlikde partlamalary döretdi” diýip, Siriýanyň SANA döwlet agentligi harby çeşmesini sitirledi.
Hökümete tarapdar “Al-Maýadeen” telewideniýesi çeşmelerine salgylanyp, Ysraýylyň okkupirlän Golan depeleriniň üstünde uçýan uçarlary tarapyndan raketa atylandygyny habar berdi.
Siriýaly gozgalaňçylaryň çeşmeleri zarbalaryň Liwanyň “Hizballah” hereketi tarapyndan ulanylýan ýarag ambarlaryna degendigini aýdýarlar.
Siriýada prezident Başar al-Assadyň hökümetiniň we oppozision güýçleriniň arasynda alty ýyl bäri dowam edýän graždan urşy zerarly 400 müň çemesi adam wepat boldy.
Assad Orsýetiň, Eýranyň we Tähranyň ýakyn ýarany hem Ysraýylyň duşmany “Hizballah” toparyna daýanýar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.