Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: Sinjiaň regionynda onlarça musulman ady gadagan edildi


Uýgur zenany, Hytaýyň Sinjiaň regiony

Hytaýyň Sinjiaň regionynyň häkimiýetleri musulmanlaryň adatça öz çagalaryna dakýan din bilen bagly atlaryň onlarçasyny gadagan etdiler.

Sinjiaň regionynyň resmisi 25-nji aprelde Azat Aziýa radiosyna beren interwýusynda Günbatar medianyň maglumatlaryny tassyklady we Yslam, Gurhan, Mekka, Jyhad, Ymam, Saddam, Haj we Medina ýaly atlaryň Hytaýyň kommunist partiýasynyň ýakynda yglan eden “Etniki azlyklar üçin at bermegiň düzgünlerinde” gadagan edilen onlarça adyň arasyndadygyny aýtdy.

Regionyň paýtagty Urumçide polisiýa bölüminiň resmisiniň sözlerine görä, gadagan edilen at dakylan çagalar döwlet tarapyndan resmi hasaba alynmaz we saglygy saklaýyş sistemasyndan hem bilim almak mümkinçiliginden mahrum bolar.

Täze düzgün esasan musulman ilatly regionyň etnik toparlaryna täsir ýetirer. Sinjiaň regionynda 10 million uýgur, azyndan 1.5 million gazak, 150 müň gyrgyz, 5000 tatar, 4000 täjik we 1000 çemesi dungan ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG