Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çoganlyda onlarça adamyň gatnaşmagynda uruş-dawa boldy


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Aşgabadyň Çoganly şäherçesinde welaýatlardan gelip işleýän içerki migrantlaryň arasynda onlarça adamyň gatnaşmagynda uruş boldy diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky çeşmeleri habar berýärler.

Aýdylmagyna görä, mundan bir hepde çemesi öň Çoganly şäherçesiniň demirgazyk-günbataryndaky katež jaýlaryň gurluşygynda işleýän daşoguzly we maryly işçileriň arasynda bolan bu uruş-dawa azyndan 200 adam gatnaşdy.

Bu şäherçäniň käbir ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmelerine aýtmagyna görä, soňy urşa ýeten dawanyň başlamagyna maryly işçileriň daşoguzly işçileriň gelnine (başga bir maglumata görä gelinligine) lak atmagy sebäp bolupdyr.

“Katež jaýlaryň gurluşygyny alyp barýan işçiler iş gutarandan soň, gurluşygyň golaýyndaky wagonlarda ýa-da wagtlaýyn jaýlarda ýaşaýarlar. Bir hepde çemesi öň işçileriň iki sanysynyň Daşoguzdan gelinleri gelýär we şol ýerde galýarlar. Agşamlyk şol iki gelne maryly iki işçiniň lak atmagy netijesinde, ilki dawa başlandygy, soňra-da gyzyl ýumruga girişilendigi aýdylýar. Urşuň dowamynda-da, iki tarap hem Aşgabatda işleýän we ýaşaýan öz ildeşlerine, welaýatlylaryna jaň edýärler. ‘Biz bilen uruşýarlar, olar köplük, bize kömek ediň, geliň!’ diýýärler” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran ýaşaýjy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, uruş-dawanyň ula ýazmagy netijesinde, ýerli ýaşaýjylaryň käbiri polisiýa habar berýärler. Bu ýakalaşmany basyp ýatyrmak üçin polisiýanyň azyndan 30 işgäri awtobusly wakanyň bolan ýerine barýar we olary aralap, işçileriň käbirini tussag edýärler.

Aýdylmagyna görä, uruş-dawada taraplaryň biri-birine daş-kesek atmagy ýa-da ýere ýykylanlary depelemegi netijesinde, ýaralananlaryň bardygy aýdylýar.

Çoganlynyň polisiýa bölüminiň adynyň efirde agzalmazlygyny soran jogapkär resmisi Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmesine beren maglumatynda, bu wakany tassyklap, ony “ownuk huligançylyk hereketi” diýip häsiýetlendirdi, ýöne bu barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

Emma Çoganly şäherçesinde öz şahsy kwartirasyny gürrüňi edilýän gurluşyk işçilerine kireýine beren käbir ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, bu waka bilen baglanyşykly häzire çenli 25 çemesi adam tussag edildi.

Mundanam başga, häzirki wagt polisiýanyň welaýatdan gelen işçileri öz kwartirasyna goýberen ýa-da kireýine beren ýerli ýaşaýjylary hem polisiýa bölümine çagyryp, soraga çekýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň ýene bir çeşmesi häzirki wagtda paýtagtda başga ýerlerden gelip işleýän adamlaryň sanyny azaltmak barada dil üsti bilen berlen görkezmäniň ýerine ýetirilýändigini aýdýar.

“Hususanda, şäher gurluşyk programmasynyň 15-nji tapgyrynyň çäginde amala aşyrylýan “elitniý” diýlip atlandyrylýan köp gatly we howly jaýlaryň gurluşygynda işleýän adamlar saklanýar we mejbury ýagdaýda awtobuslara mündirilip, welaýatlara iberilýär” diýip, şeýle gurluşyklary amala aşyrýan telekeçileriň birnäçesi aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan telekeçileriň sözlerine görä, käbir halatlarda gurluşyk şereketleriniň eýeleri işgärlerini öz hususy awtoulaglarynda welaýatlardaky öýlerine eltip gelmäge mejbur bolýarlar. Telekçiler bu çäreleriň ählisiniň “Aziada-2017” bilen baglydygyny belleýärler.

Çoganly şäherçesi Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşip, bu sebit jaý kireýiniň arzanlygy sebäpli içerki migrantlaryň esasy ýaşaýan ýeri bolup durýar.

Çoganlyda mundan iki ýyl çemesi ozal häkimiýetler tarapyndan ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesi ýumrulypdy. Käbir ýerli synçylar we ýaşaýjylar şol ýykyşlyklardan öň bu sebitde wagtal-wagtal şuňa meňzeş wakalaryň bolandygyny aýdýarlar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri gürrüňi edilýän waka bilen baglanyşykly henize çenli halk köpçüligine haýsydyr bir maglumat bermediler.

XS
SM
MD
LG