Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soçi: Germaniýanyň kansleri Merkel Orsýetiň prezidenti bilen duşuşdy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (s) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) , Soçi, 2-nji maý, 2017.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (s) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) , Soçi, 2-nji maý, 2017.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen Soçide duşuşdy.

Putin 2-nji maýda Merkeli garşylap, gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklara we “Ukraina hem Siriýa ýaly has ynjyk meselelere” gönükdiriljekdigini aýtdy.

Şeýle-de iki lideriň 7-8-nji maýda Hamburgda Uly-20 guramasynyň sammitine taýýarlyklary ara alyp maslahat etjekdigi habar berildi.

Putin Merkel bilen geçirýän gepleşiklerinden daşary 2-nji maýda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen telefon arkaly gepleşmegi planlaşdyrýar.

Merkel 2014-nji ýylda Moskwanyň Krymy anneksiýa etmeginden soň Orsýete ikinji gezek barýar.

XS
SM
MD
LG