Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ‘Merkezi Aziýa+Ýaponiýa’ dialogynyň duşuşygy geçirildi


‘Merkezi Aziýa+Ýaponiýa’ dialogyna gatnaşan ýurtlaryň daşary işler ministrleri.
‘Merkezi Aziýa+Ýaponiýa’ dialogyna gatnaşan ýurtlaryň daşary işler ministrleri.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleri Owganystanyň hökümetiniň we halkynyň ýurtda syýasy durnuklylygy dikeltmäge we sosial-ykdysady mäkämligi üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryny goldamagy dowam etdirmäge isleglidiklerini beýan etdiler.

Bu barada “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogynyň çäginde geçirilen altynjy duşuşygyň dowamynda, gol goýlan bilelikdäki beýannamada aýdylýar.

1-nji maýda Aşgabatda geçirilen duşuşyga Ýaponiýanyň daşary işler ministri Fumio Kisida we onuň merkezi aziýaly kärdeşleri, ýagny Türkmenistandan Raşid Meredow, Gazagystandan Kaýrat Abdrahmanow, Gyrgyzystandan Erlan Abdyldaýew, Täjigistandan Sirojiddin Aslanow we Özbegistandan Abdulaziz Kamilow dagy gatnaşdy.

Gürrüňi edilýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň bilelikde ýaýradan beýanatynda, Owganystanda harby-syýasy ýagdaýyň çylşyrymly bolmagynda galýandygy aýdylýar.

Şeýle-de, “bu ýurtdan neşe gaçakçylygyna we narkotigiň däp bolan görnüşinden başga maddalaryň ulanylyşy dogrusynda artýan howpa garşy göreşmek üçin, talabalaýyk çäreleriň görülmelidigi” bellenilýär. Gürrüňi edilýän neşe serişdeleri terrorizmi maliýeleşdirmegiň çeşmesi hökmünde hyzmat edýär.

Merkezi Aziýa ýurtlary Ýaponiýanyň regiondaky neşä garşy göreş edaralarynyň işgärlerini türgenleşdirmek barada etjek kömegine gowy baha berip, regionda durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak üçin, serhet gözegçiligi ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň möhümdigine ünsi çekdiler.

Türkmenistanyň Owganystan bilen uzyn serhet araçägi bar we Aşgabat owgan hökümeti bilen “Talyban” hereketiniň arasynda parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň geçirilmegi üçin, öz syýasy giňişligini hödürlemäge taýýardygyny indi birnäçe ýyl bäri tekrarlap gelýär.

Şeýle-de, türkmen hökümeti Owganystany hem öz içine alýan regional proýektleriň birnäçesiniň amala aşyrylmagy ugrunda iş alyp barýar. Olaryň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýoly we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçiriji proýekti bar.

“Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogynyň çäginde geçirilen duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, ösen tehnologiýa we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça aragatnaşyk bilen bagly meseleler dogrusynda hem taraplaryň pikir alşandygy habar berilýär.

Duşuşygyň çäginde Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Azlow dialogyň ýolbaşçysy saýlanyp, ol nobatdaky ýedinji duşuşygyň 2018-nji ýylda Täjigistanda geçiriljekdigini yglan etdi.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Ýaponiýanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyklaryň düýbi 2004-nji ýylda tutulypdy.

XS
SM
MD
LG