Sepleriň elýeterliligi

Merkel Putin bilen duşuşýar


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel rus prezidenti Wladimir Putin bilen. 2-nji maý, 2017 ý.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin, şu gün Gara deňziň kenarýaka Soçi şäherine bardy.

Iki lider 2-nji maýda giçlik “G-20” toparynyň 7-8-nji iýulda Germaniýanyň Hamburg şäherinde geçjek sammitine taýýarlyk barada pikir alşarlar.

Merkeliň sözçüsiniň aýtmagyna görä, onuň bir günlük saparynda, Gündogar Ukrainadaky we Siriýadaky konfliktler-de üns merkezinde durar. Bu Orsýet Krym ýarym adasyny 2014-nji ýylyň martynda bikanun özüne birikdireli bäri german kansleriniň Orsyýete eden ikinji sapary bolup durýar.

Kansleriň metbugat wekili Steffen Seýbert Orsýetiň Ukrainadaky konflikte ýaragly garyşmagyna, şeýle hem alty ýyl bäri Siriýada barýan weýrançylykly urşa salgylanyp: “Gatnaşyga ýük bolup duran iki mesele bar” diýdi.

Orsýet bilen Germaniýanyň gatnaşyklary soňky wagtlarda aşaklady. Merkel Moskwanyň Krymy basyp almagy we 2014-nji ýyldan bäri Gündogar Ukrainada 9900 adamyň heläklenmegine getiren urşy öjükdirmegi sebäpli onuň garşysyna Ýewropa Bileleşigi tarapyndan girizilen sanksiýalary berk goldaýar.

Konfliktde möhüm araçy bolan Merkel Orsýetiň garşysyna girizilen sanksiýalaryň togtan parahatçylyk plany doly ýerine ýetirilýänçä dowam etdirilmeginiň tarapyny çalýar.

Mart aýynda Germaniýanyň daşary işler ministri Sigmar Gabriel bilen duşuşan Putin “gatnaşyklaryň doly kadalaşmagyny” umyt edýändigini aýdypdy.

Merkel “Minsk II” ylalaşygyny amala aşyrmak maksady bilen ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň we Fransiýanyň prezidenti François Hollandyň gatnaşmagynda Putin bilen birnäçe gezek duşuşdy.

Bu duşuşyklaryň iň soňkusy oktýabr aýynda boldy. Dört ýolbaşçy aprel aýynda hem telefonda gürleşip, parahatçylyk ylalaşygy amala aşyrylmaly diýen pikiri goldadylar.

Merkel bilen Putin G-20 toparynyň iýulda Hamburgda geçjek duşuşygy hakda hem pikir alşarlar.

Orsýet G-8 toparyndan (indi G-7) çykarylaly bäri G-20 toparynyň sammiti onuň dünýäniň beýleki liderleri bilen duşuşmagy üçin, möhüm ýygnanyşyk bolup durýar.

Tramp hem şu gün giçlik Putin bilen telefonda gürleşmekçi.

Ak tamyň resmileriniň aýtmagyna görä, Tramp bilen Putin Siriýadaky graždanlyk urşy hakda pikir alşarlar.

Tramp ýanwarda wezipe başyna geleli bäri Putin bilen iki gezek telefonda gürleşdi. Resmiler bu gepleşiklerde esasan “Yslam döwleti” we beýleki ekstremistik toparlaryň garşysyna göreşmegiň ýollary hakda maslahatlaşylandygyny ýaňzydylar.

Ýöne esasy temalar hakda köp maglumat berilmedi. G-20 sammitine gatnaşmagy planlaşdyran iki lideriň haçan ýüzbe-ýüz duşuşjakdygy barada hem aýdylan zat ýok.

Tramp 2016-njy ýylda prezidentlik kampaniýasynda Putini taryplap, özüniň Orsýet bilen ýakyn gatnaşygy goldaýandygyny aýtsa-da, gatnaşyklar öňküsi ýaly dartgynlygyna galýar.

Ukrainadaky konflikte ýaragly garyşmagy sebäpli Orsýetiň garşysyna girizilen sanksiýalary Trampyň administrasiýasy dowam etdirdi, administrasiýanyň ýokary derejeli resmileri-de Kremliň garşysyna berk pozisiýa tutdular.

Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçisi general-leýtenant H.R. MkMaster 30-njy aprelde Putin Ukrainada, Siriýada we Owganystanda “rus halkynyň bähbitlerine garşy hereket edýär” diýdi.

Ol Birleşen Ştatlaryň Orsýet bilen bolan gatnaşyklary gowulanmazdan öň rus prezidenti “edim-gylymy” üýtgemeli diýip sözüniň üstüne goşdy.

Orsýetiň Germaniýa bilen-de gatnaşyklary öwerlik däl. Bu gatnaşyklarda ýa Siriýa we Ukrainadaky konfliktlerde uly böwsüliş bolar öýdülenok.

Moskwanyň Karnegi merkeziniň direktory, analizçi Dmitriý Trenin 1-nji maýda “Twitterde” Merkel bilen Putin arasyndaky duşuşyk “gatnaşyklaryň saklanmagyna hyzmat eder, başga eden zady köp bolmaz” diýip ýazdy.

Germaniýa-Orsýet gatnaşyklary “döwük”, “ol uzak wagtlap şeýle bolup galar” diýip, Trenin aýtdy.

XS
SM
MD
LG