Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýada burkanyň çäkli gadaganlygyna ilkinji ädim


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Germaniýanyň Mejlisiniň aşaky öýi Bundestag – Germaniýanyň federal mejlisiniň ýüzi durşy bilen ýapýan – nikaply eginbaşlary çäkli ýagdaýda gadagan edýän kanun taslamasyny kabul etdi.

Kanun taslamasy mejlisiň ýokarky öýünden iberilipdir. Taslamada döwlet işgärleriniň, sülçi we harbylaryň iş ýerinde burka geýmeginiň gadagan edilmegi maslahat berilýär.

Sagçy partiýalar burkany jemgyýetçilik ýerlerinde dolulygyna gadagan etmäge synanyşýar. Olar 2011-nji ýyldan bäri Fransiýada bolşy ýaly Germaniýada hem burkanyň gadagan edilmegini isleýärler.

Angela Merkel hem kanun bilen mümkin bolan ähli ýerde burkanyň gadagan edilmegi barasynda çagyryş beripdi.

Fewral aýynda bolsa, Bawariýa welaýatynyň döwlet edaralarynda, mekdep we uniwersitetlerde, şol sanda, ulag sürülýän mahaly burka geýilmegine gadaganlyk girizilmegi gün tertibine getirilipdi.

Şeýle teklibe garşy çykýanlar gaty az sanly musulmanyň ýaşaýan ýerlerinde şeýle kararyň o diýen täsirli bolmajagyny öňe sürýärler.

Federal hökümet ýüzi durşy bilen ýapyk eginbaşyň gadagan edilmeginiň ýurduň esasy kanunyna gabat gelmeýändigini aýan edip, bu ugurda ädim ätmändi.

Soňky ýarym ýylda aglaba köpçüligi Ýakyn Gündogardan bolan, azyndan 1 million musulman Germaniýa bosgunlyga ýüz tutupdyr.

XS
SM
MD
LG