Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat Metbugat azatlygy gününe ýene 'ýaramazlaryň onlugynda' geldi


Türkmen gazeti
Türkmen gazeti

“Žurnalistler sessizlere ses bermek üçin iň bir howply ýerlere barýarlar, metbugat işgärleri zalymlyk bilen kast edilmä, seksual hüjümlere, tussaglyga, ýaralanma we hatda ölüme sezewar edilýär” diýip, BMG-nyň Baş sekretary António Guterresiň Bütindünýä Metbugat azatlygy günündäki ýüzlenmesinde aýdylýar.

Halkara jemgyýetçiligi her ýylyň 3-nji maýynda Metbugat azatlygynyň düýp ýörelgelerini baýram etmek bilen, öz işini ýerine ýetirýärkä wepat bolan žurnalistleri ýatlaýar, köpçülikleýin habar serişdelerini we olaryň garaşsyzlygyny goramak meselesine ýene bir gezek ünsi çekýär.

Emma Aşgabatda bu hili çäreler adatça gözden düşürilýär we Türkmenistan, öz duldegşir goňşulary Özbegistan, Azerbaýjan we Eýran bilen bilelikde,nobatdaky Metbugat azatlygy gününe hem metbugat azatlygy boýunça iň ýaramaz baha alan 10 ýurdyň we territoriýanyň arasynda geldi.

Türkmen kanunçylygynyň metbugatda senzurany gadagan edýändigine garamazdan, metbugat azatlygy boýunça çap edilýän ýyllyk hasabatlar Türkmenistanda metbugat azatlygynyň düýpden ýokdugyny, hakyky garaşsyz we hususy neşirleriň döredilmegine ýol berilmeýändigini belleýär.

Synçylar bu ýagdaýy ýurtda döredilen şahsyýet kulty bilen baglaýarlar. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda žurnalistleriň we beýleki döredijilik işgärleriniň wezipeleriniň esasan gazanylan diýilýän üstünlikleri mümkin boldugyça giň beýan etmekden ybaratdygyny gaýtalaýar.

Munuň üstesine, Türkmenistanda metbugat serişdeleriniň ählisi berk döwlet kontrolynda saklanýar wegaraşsyz žurnalistleri ýanamak, gorkuzmak we dymdyrmak bilen bagly habarlaryň yzy kesilmeýär.

Mysal üçin, golaýda Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowanyň öýüniň gapdalynda duran awtoulagyna näbelli adamlar tarapyndan hüjüm edildi. Mundan öň žurnalistiň özi, çilim nobatlary bilen bagly maglumat toplanyndan soň, gysga wagtda birnäçe hüjüme sezewar boldy.

Soltan Açylowanyň awtoulagyna hüjüm edilmegi goňşy Özbegistanda näbelli adamlaryň üç ogly daşary ýurtda žurnalist bolup işleýän enä hüjüm eden wagtyna gabat geldi.

Özbegistandaky ýagdaýdan biraz tapawutlylykda, Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan ýanalýan žurnalistiň ejesi hem türmä basylýar. Mysal üçin, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy Hudaýberi Allaşow, nas saklamakda aýyplanyp, ejesi bilen bilelikde şerti türme tussaglygyna höküm edildi.

Allaşowdan öň Azatlygyň başga bir hyzmatdaşy, balkanly garaşsyz žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýew tussag edildi we heniz hem bendilikde saklanýar. Halkara hukuk guramalarynyň ynanjyna görä, Nepesgulyýwgalplaşdyrylan jenaýat işi esasynda türmede saklanýar we häkimiýetler ondan ýurtdaky sosial meseleleri gozgap,daşary ýurt neşirleri bilen hyzmatdaşlyk edeni üçin ar alýarlar.

Nepesgulyýewden öň häkimiýetler şeýle sosial meseleleri gozganýerli synçylar Gurbandurdy Durdygulyýewi, Amangelen Şapudakowy, Kakabaý Tejenowy, Sazak Durdymyradowy...dymdyrmaga çalyşdylar; Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary Saparmyrat Öwezberdiýew, Rahym Esenow we beýlekiler yzygiderli yzarlanmalara sezewar edilipdi,Ogulsapar Myradowa türkmen türmesinde ýogalypdy.

Metbugat azatlygynyň dünýä ýüzünde soňky 13 ýylda iň pes derejelere düşendigi, sebäbi garaşsyz metbugata Russiýa, Hytaý ýaly awtoritar ýurtlarda has kän hüjüm edilmegi bilen bir hatarda, esasy demokratik ýurtlarda hem žurnalistlere we metbugat neşirlerine täze howp-hatarlaryň döreýändigi aýdylýar. Aýdaly, “Freedom House” – “Azatlyk öýi” guramasynyň dünýä boýunça metbugat azatlygyna syn eden 38 ýylynda, mundan öň Birleşen Ştatlar bir gezegem 2016-njy ýyldaky we 2017-nji ýylyň ilkinji aýlaryndaky ýaly, metbugat azatlygy meselesinde beýle kän dile düşmändi.

Donald Trampyň ozal prezidentlige kandidat, soň prezident hökmünde habar serişdelerine we žurnalistlere eden hüjümleri bu ýagdaýyň gelýän ýyllarda has ýaramazlaşmak ähtimallygy baradaky çaklamalara sebäp bolýar.

Ikinji tarapdan, ekspertler Türkiýe, Efiopiýa, Wenezuela ýaly awtoritar ýurtlaryň resmileriniň syýasy ýa-da sosial gozgalaňlary garaşsyz ýa-da oppozisiýa ugurly neşirleri basyp ýatyrmak üçin täze bahana edip ulanýandyklaryny aýdýarlar.

Bu ýyl Bütindünýä metbugat azatlygy gününiň esasy dabaralary 1-4-nji maý aralygynda Indoneziýada, Jakartada geçirilýär.

Halkara metbugat azatlygy güni BMG-nyň Baş assambleýasy tarapyndan, 1993-nji ýylda, afrikaly žurnalistleriň metbugat plýuralizmi we garaşsyzlygy baradaky jarnamasyna jogap hökmünde yglan edildi.

XS
SM
MD
LG