Sepleriň elýeterliligi

'Hormatly Prezidentiň' mejbury çäreleriniň 'meýilnamasy' syzdy


“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Türkmenistanda aprel aýynyň aýagynda bellenen At baýramçylygynyň programmasynyň syzyp çykan göçürmesini çap etdi we onda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabarlarda prezidentiň gelmeli, oturmaly ýeri, synlamaly sergileri, oňa berilmeli gül desselerine çenli öňünden planlaşdyrylypdyr.

Emma planda syýasy ýolbaşça il ortalaýyn aç-açan berilýän ýüz müňlerçe dollarlyk at sowgatlary, prezidentiň at çapyşygynda 'ýeňjegi' aýdylmaýar.

Bedew baýramçylygyna taýýarlyga, onuň geçirilmegine anyk näçe wagtyň sarp edilendigi, näçe adamyň gatnaşandygy we bu ugurdaky harajatlaryň türkmen gaznasyna näçä düşendigi belli däl, sebäbi onuň ssenarisinde bu zatlar aýdylmaýar.

“Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow”

Ýöne programmada esasy ünsüň prezidentiň adyna berilýändigini bellemek gerek. Döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde adat bolşy, onuň ady programmada esasan “Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow” diýlip tutulýar we bu adalga hemişe goýy garaldylan harplar bilen ýazylýar. Şeýle-de, prezidentiň wezipesi, türkmen ýazuw kadalary bozulyp, uly harplar bilen ýazylýar.

Elbetde, ol ýa-da beýleki çäre geçirilende, onuň plan-programmasynyň bolmalydygy belli, ýöne türkmen çäreçileriniň planynda döwlet baştutanynyň hem ähli etjek-goýjagy öňünden kesgitlenýän ýaly görünýär.

Aýdaly, 27-nji aprelde, penşenbe gününde “Sergi-ýarmarkasyna hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly IX halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagynyň okalmagy” bellenilen.

28-nji aprelde, anna gününde, sagat 08:00-da “Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň baş girelgesiniň öňüne gelmegi” bellenipdir.

"...milli lybasly iki gyz ter gül desselerini gowşurýar”

“Hormatly Prezidentimiz awtoulagyndan düşende milli lybasly iki gyz ter gül desselerini gowşurýar” diýip, çäreçiler ýazypdyrlar. Emma planda prezidente alkyş sözleriniň aýdylyp gygyrylmaly ýerleri bellenmändir.

Ssenariçiler prezidentiň şondan 15 minut soň “Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň baş binasyna barýan ýoluň ugrunda ýaş suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça çykyşlaryny synlamagyny” hem öňünden planlaşdyrypdyr.

“Hormatly prezidentiň” sagat 08:30-da “Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň baş binasynda özi üçin niýetlenen ýere geçip oturmagy” we beýleki hereketleri, oňa milli lybasly iki gyzyň ter gül desselerini bermegi..., “Dabaranyň ahyrynda sergä we maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine Ýüzlenme kabul edilmegi” hem öňünden planlaşdyrylypdyr.

Şeýle-de planda “Hormatly Prezidentimiziň” medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etmegi”, “Hormatly Prezidentimize Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli sowgatlary gowşurmak dabarasy”, “Hormatly Prezidentimiziň atçylyk toplumynyň baş binasyndan çykyp, awtoulagyna tarap ugramagy” we “Awtoulagyň ýanynda milli lybasly iki gyzyň Hormatly Prezidentimize ter gül desselerini gowşurmagy”, “Hormatly Prezidentimiziň dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, awtoulagynda bu ýerden ugramagy...” minutma-minut öňünden kesgitlenipdir.

Planda gelmeli wagtynda gelmeli ýerine gelen prezidente maşyndan düşende milli lybasly iki gyz tarapyndan ter gül dessleriniň gowşurylmagy ençeme gezek gaýtalanýar.

Çäreçiler tarapyndan planlaşdyrylmadyk ýagdaýlar

Ýöne muňa garamazdan, ýerli synçylaryň käbiriniň pikirine görä, Bedew baýramçylygy mynasybetli gurnalan çärelerde öňünden çäreçiler tarapyndan planlaşdyrylmadyk ýa-da olaryň ygtyýarynyň çäginden çykýan ýagdaýlar hem bar. Mysal üçin, prezident Berdimuhamedow ýaryşda agtygy Kerimgulynyň seýislän atynda bäsleşige gatnaşdy, öz “utan” maşyn baýragyny we peşgeş berlen atlaryny atşynaslara “eçildi”.

Bular çäreleriň “meýilnamasynda” ýok. Galyberse, prezident Berdimuhamedow bilen onuň agtygy Kerimgulynyň at çapyşygy başlanmazyndan öň edýän “ýumruk çakyşdyrmalary” hem planda ýok we belki soňky minutlarda ataly-agtyk tarapyndan, sahnany baýlaşdyrmak üçin, daşary ýurt kinolaryndan ‘karz alnypdyr’.

Eger-de Bedew baýramçylygyndan soň Ministrler kabinetiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine gözegçilik edýän orunbasaryna ýa beýleki resmilere käýinç berilmändigini nazara alsaň, Bedew güni mynasybetli gurnalan çäreler plan boýunça geçirildi diýip aýtsa bolar.

Sebäbi mundan öňki çärelerde, aýdaly bir konsert programmasynyň telewideniýede alnyp görkezilişiniň prezidente ýaramandygy üçin, şol wagtky wise-premýer Gülşat Mämmedowa hem-de beýleki resmilere käýinç berlipdi diýip, TH belleýär.

Azatlyk radiosy ozal bu hili çärelere görülýän taýýarlyklar, býujet edaralarynyň we okuwçylaryň, studentleriň işden, okuwdan goýlup, mejbury ýagdaýda çärelere çekilişi, çärä gatnaşyjylara, şol sanda aýal-gyzlara repetisiýa we çäre mahalynda gödek, kemsidiji sözleriň aýdylyp gygyrylýan halatlary barada gepleşik beripdi.

Şeýle-de, gyşyň aýazyna, tomsuň jöwzasyna garaman, adamlary birnäçe sagat öňünden çäräniň geçjek ýerine gelmäge mejbur etmek bilen guralýan dabaralarda adam heläkçiliginiň, şol sanda çaga pidalarynyň bolandygy barada habarlar çykdy, emma olar resmi taýdan tassyklanmady.

Halkara hukuk toparlary türkmen häkimiýetlerini ýurduň raýatlaryny syýasy we medeni çärelere mejbury, işden kowulmak haýbatlary astynda gatnaşdyrmakda tankyt edýärler.

Türkmenistanda bu hili çäreler soňky on ýylda, prizidentiň “ýokary derejeli guramaçylyk” talaby esasynda, öňünden ýörite sanaw taýýarlanyp, hökümetiň tassyklan plany boýunça geçirilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG