Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň senagat boýunça wise-premýeri Batyr Ereşow aradan çykdy


Türkmenistanyň hökümetiniň maslahaty
Türkmenistanyň hökümetiniň maslahaty

Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň orunbasary Batyr Ereşow 50 ýaşynda aradan çykdy.

Ereşowyň tarpa-taýyn ýogalandygyny Döwlet habar agentligi TDH habar berdi.

2014-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň wise-premýeri wezipesinde işlän, senagat meselelerine hem Lebap welaýatyna gözegçilik eden Ereşow dürli ýyllarda gurluşyk pudagynda ençeme ýokary derejeli döwlet wezipelerinde işläpdi.

“Uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, ýurdumyzyň senagatyny ösdürmäge goşan önjeýli goşandy Batyr Ereşowa kärdeşleriniň arasynda uly abraý getirdi” diýlip, Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň we 10 hökümet agzasynyň adyndan 3-nji maýda ýaýradylan resmi maglumatda aýdylýar.

Batyr Ereşow “Magtymguly Pyragy” medaly, «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan” we “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanypdyr.

Türkmenistanda hökümet baştutanynyň orunbasary döwlet we hökümet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bellenýär.

XS
SM
MD
LG