Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň aeroportynda käbir raýatlar düşündirişsiz yzyna gaýtarylýar


Aşgabadyň aeroportyndan gaýdyp barýan türkmenistanlylar.
Aşgabadyň aeroportyndan gaýdyp barýan türkmenistanlylar.

Aşgabadyň aeroportynda daşary ýurtlara gidip barýan käbir ýolagçylaryň migrasiýanyň barlag nokadyndan goýberilmän, yzyna gaýtarylýandygy habar berilýär. Şeýle ýagdaýa soňky wagtlarda ylaýta-da Stambula uçjak bolýan käbir ýolagçylaryň has köp ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýar.

Geçen duşenbe güni Aşgabatdan Stambula uçup gelen, bir türkmen raýatyň gürrüň bermegine görä, onuň ýany bilen Türkiýä işlemäge gelýän onlarça türkmen ýolagçy Aşgabadyň aeroportyndaky migrasiýa gullugynyň barlag nokadynda "daşary ýurda gitmegiňiz bolanok" diýip, yzyna goýberilýär.

Ol şeýlelikde onlarça adamyň uçar biletiniň we daşary ýurda gitmek üçin eden çykdaýjylarynyň biderek bolandygyny, migrasiýa gullugynyň işgärleriniň hem ol ýolagçylaryň näme üçin daşary ýurda goýberilmändigi barasynda hiç hili düşündiriş bermändigini aýdýar.

Golaýda Türkmenistandan yzyna dolanyp gelen, türke durmuşa çykan Bahar bolsa Aşgabadyň aeroportynda başdan geçiren tejribelerini we bu aýdylýan gürrüňleriň dogrudygyny adýar.

Türkmenistandan Stambula zähmet migrantlygyna gelýänlere iş tapmaga kömek edýän türkmen migrant zenany Arzuw hem şeýle ýagdaýyň öz tanyş-bilişleriniň başyna gelendigini aýdýar:

"Lebap welaýatyndan kyrka golaý adam Stambula işlemäge gelmelidi. Olar Aşgabadyň aeroportyndan Stambula uçjak bolanlarynda, migrasiýa gullugynyň işgärleri olardan 33 sanysyny daşary ýurtda goýbermän, yzyna gaýtarypdyr. Yzyna gaýtarylan raýatlar gadaganlygyň sebäbine hem düşünmändirler" diýen Arzuw, Türkmenistanda soňky wagtlarda hasam ýaramazlaşam durmuş hem eklenç şertleriniň adamlary Türkiýä eklenç gözlegine gaýtmaga mejbur edýändigini we daşary ýurda goýberilmeýän raýatlaryň güzeran ýagdaýynyň hasam kynlaşýandygyny öňe sürýär.

Stambulyň Atatürk adyndaky aeroportynda Azatlyk Radiosyna öz başyndan geçirenlerini gürrüň beren bir zenanyň aýtmagyna görä, golaýda özi bilen Aşgabadyň aeroportyndan Stambula uçjak bolan 2 çagaly bir maşgalanyň çagalaryny goýberen migrasiýa gullugynyň olaryň ejesi bilen kakasyny bolsa hiç hili düşündirişsiz daşary ýurda ibermän yzyna gaýtarandygyny aýdýar.

Ol daşary ýurda çykmak isleýän raýatlara indi şeýle bäkdençlige duçar bolmaz ýaly, owaly bilen migrasiýa gullugyndan öz ýagdaýy barasynda maglumat almaga synanyşyk etmegini maslahat berýär we käbir resmileriň bolsa daşary ýurda çykmagyna rugsat berlip-berilmeýändigi barasynda resminama talap edýän raýatlaryň islegini kanagatlandyrmaýandygyny hem sözüniň üstüne goşýar.

Sözümizi jemläp aýtsak, Aşgabadyň aeroportyndan daşary ýurda goýberilmeýänler barasynda, degişli türkmen resmilerinden haýsam bolsa bir maglumat ýa-da kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar

XS
SM
MD
LG