Sepleriň elýeterliligi

Elon Muskdan gatnaw dyknyşygyna tunel çözgüdi


"Tesla" we “Space X” firmalarynyň esaslandyryjysy, tehnologiýa liderlerinden Elon Mask (Elon Musk) uly hem bulaşyk gatnawly şäherlerde gatnaw dyknyşygyna garşy täsin bir çözgüt tapmak üçin iş alyp barýar.

Ol golaýda geçirilen bir ýygnakda, ýerasty tunel gatnaw ulgamynyň taslamasy barasynda jikme-jik maglumatlar beripdir. Şeýle-de, ol ulgamyň nähili işlejegi barasynda bir wideo görkezipdir.

Taslama görä, ýollardaky gatnawda dyknyşyk bolan mahaly awtoulagyň eýesi ony ýoluň gyrasyndaky demirden ýasalan sekiniň üstüne mündirýär. Elektrik energiýasy bilen işleýän ol metal seki awtoulagy ýeriň astyndaky tunel ýola düşürýär we 200 km/sagat tizlik bilen gitjek ýerine barmagyna kömek edýär.

Şeýle fantastiki hyýaly hakykata öwürmek üçin, "The Bording Company" atly bir täze firma döredilipdir. Işlere “Space X” firmasynyň hünärmeni Stiw Dewis (Steve Davis) baştutanlyk eder.

Häzirki wagt “Space X” firmasynyň meýdançasynda nusgalyk bir tunel gurlupdyr. Los Angeles şäher häkimliginden hem bu ulgamy durmuşa geçirmek üçin, ýörite rugsat alnypdyr.

Ýerasty tunel gatnaw ulgamynyň döredilmegi gaty köp wagt alyp biler. Elon Muskyň bellemegine görä, "The Bording Company" aslynda alnyp barylýan täsin taslamalaryň diňe biridir.

XS
SM
MD
LG