Sepleriň elýeterliligi

Alymlar: Açlyk adamlary has akylly edýär


Illýustrasiýa

Açlyk we agyz beklemek adamyň beýnini güýçlendirip bilermi? Britaniýanyň alymlarynyň geçiren ylmy barlaglarynyň netijelerine görä, açlyk adamlary has akylly edýär we beýniniň öýjüklerine has oňaýly täsirini ýetirýär. Käbir adamlaryň aç garnyna has ýiti zehine eýe bolmagynyň sebäbi hut şonuň üçindir.

Aşgazanda köp wagtlap iýmit bolmadyk mahaly döreýän "Grelin" atly garmonyň ilkinji gezek açylan mahaly alymlar onuň diňe "açlyk garmony" bolandygyny çak etdiler. Häzir bolsa, ol garmonyň aslynda beýniniň öýjükleriniň has kämilleşmegine täsir edýändigi mälim bolýar. Ol garmon, şol bir wagtyň özünde, beýniniň köne öýjükleriniň hem işlemegine kömek edýär we beýniniň garramagynyň öňüni alýar. Garmonyň adamyň beýnisine ýetirýän şeýle täsiri netijesinde, ol has akylly bolup, ýadyny hasam ýiteltmäge mümkinçilik tapýar.

Mundan owal alymlar adamyň beýnisini ugrukdyrmagyň tilsimini oýlap tapypdy. Ekseter uniwersitetiniň psihologlary smartfonlar üçin ýörite oýun taýýarlapdyrlar. "Foodt" diýip atlandyrylan ol oýny oýnaýanlaryň "Beýnisini täze zatlara gönükdirmek bilen" olaryň oňaýly bolmaýan iýmitleri iýmek islegini ýok edýär.

Şeýle programmany öz smartfonynda gurýan adamlar ekranda sagdynlyk üçin zerur bolan iýmitleri ýaşyl reňkli, zyýanly bolanlary hem gyzyl reňkli halkanyň içinde görýärler. Şonuň üçinem olar diňe peýdaly iýmitleri görkezýän yşaratlara basmaga ümzükýärler.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, "beýniniň hut şeýle türgenleşdirilmegi" aç mahaly adamyň iýmitlere diýseň dogry çemeleşmegine kömek edip biler. Günde 10 minutlap şeýle oýun oýnamak bilen adamlar diňe peýdaly iýmitlere ýykgyn etmäge başlap biler.

Alymlar "grelin" atly garmony syçanlara beren mahaly olaryň öwreniş ukybynyň hem has güýçlenendigine göz ýetirýärler. Alymlar ol garmonyň beýnidäki neýronlaryň arasyndaky gatnaşygy hasam pugtalandyrýandygyny nygtaýarlar.

Britaniýanyň Swanzi uniwersitetinden molekulýar newrologiýa professory Jeffri Devis (Jeffrey Davies) we topary, "grelin" garmonynyň beýniniň öýjükleriniň bölünip köpelmegini, ýagny başgaça aýdylanda newrogeneziýany dikeldýändigini subut edýärler.

Alymlar garmony başga ýerde tutulýan syçanlaryň beýnisine goşandan soň, newrogeneziýany güýçlendirýän geniň fibroblastlaryň bölünişik häsiýetiniň has işjeň ýagdaýa gelendigini synlaýarlar.

Ylmy barlagyň netijeleri Britaniýanyň Newrologiýa bileleşiginiň soňky ýygnagynda, halk köpçüligine hödürlenýär.

Alymlara görä, beýniniň täze öýjükleri ýatkeşligi täzeden pugtalandyrýar. Ol öýjükler baran ýerinde hasam işjeň ýagdaýa geçýär.

Bu ylmy barlag newrodegeneratiw ýagdaýyň, meselem, Parkinson keseliniň bejerilmegine hem öz täsirini ýetirip biler. Şeýle keseller beýniniň öýjükleriniň ýitirim bolmagy sebäpli ýüze çykýar. Mundan owal geçirilen köpsanly käbir ylmy barlaglaryň netijesinde hem "grelin" garmonynyň haýwanlarda Parkinson keseliniň öňüni alýandygy äşgär bolupdyr. Doktor Dewisiň aýtmagyna görä, şeýle netijeler adamlarda geçiriljek synaglarda hem alnyp bilner.

Alymlar yzygiderli ýagdaýda gündelik sarp edilýän kaloriýa mukdaryndan, ýüzden 25 göterim az kaloriýa alýan adamlaryň sagdynlygynyň hasam oňaýly tarapa gönükýändigini nygtaýarlar. Şeýle adamlar öz ganyndaky şekeriň kadaly ýagdaýda bolmagyna hasam ukyply bolýarlar.

Käbir adamlar bolsa şeýle garaýyşdan ugur alyp, birsalym aç galmaga ýykgyn edýärler. Şeýle iýmitleniş usulynyň biri hem 5-2 dietadyr. Ol adamlar hepdäniň bäş güni adaty ýagdaýda iýmitlenýärler, galan iki gün bolsa günde 500 kaloriýa bilen çäklenýärler. Şonda gandaky "grelin" garmonynyň derejesi ýokarlanýar.

Ýöne Mýunhen tehniki uniwersitetinden Nikolas Kunat (Nicolas Kunath) bolsa, beýniniň täze dörän öýjükleriniň işlemäge başlap bilmegi üçin, birnäçe günden birnäçe hepdä çenli möhletiň gerek bolýandygyny ýatladýar. Onuň aýtmagyna görä, şonuň üçinem adamlar şeýle ýagdaýda derrew ýiti zehinli bolmaga garaşmaly däldir.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG