Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: 10 polisiýa ofiseri horlanyp bilmändigi üçin işden boşadyldy


Polisiýa işgärleri, Täjigistan

Täjigistanyň Içeri işler ministrligi bedeniniň agramyny azaltmak talabyny berjaý etmedik on polisiýa ofiserini işden boşatdy.

Ministrligiň metbugat-wekili Umarjon Emomaliniň 4-nji maýda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, 100-den gowrak polisiýa ofiserine olaryň aşa semizdigi hakynda duýduryş berilipdir we horlanmak çäresini görmek üçin wagt möhleti berilipdir.

"Polisiýa ofiserleri güýçli, tiz we fiziki taýdan kämil bolmalydyr. Olar islendik ýagdaýda herekete taýýar bolmaly we öz gulluk borçlaryny doly berjaý etmeli” diýip, Emomali aýtdy.

Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazon Rahimzoda dekabrda eden çykyşynda aşa semiz polisiýa işgärleriniň işden kowuljagyny duýduryp, olary öz bedenlerini kämilleşdirmek ugrunda işläp başlamaga çagyrypdy.

Ministrligiň dekabr aýynda öňe süren talaplaryna görä, erkek polisiýa ofiserleri azyndan 168 santimetr, zenanlar 160 santimetr bolmaly. Boýy 168-170 santimetr polisiýa ofiseriniň ortaça agramy 75 kilogram bolmaly.

XS
SM
MD
LG