Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň uçarlary Alýaskanyň golaýynda Orsýetiň iki bombalaýjy uçarynyň öňüni aldy


Orsýetiň Tu-95 kysymly bombalaýjy uçarlary

ABŞ-nyň uçarlary Orsýetiň SU-35 kysymly söweş uçarlary bilen bilelikde Alýaskanyň kenarlarynyň golaýynda peýda bolan iki sany TU-95 bombalaýjy uçaryny anyklady, diýip Demirgazyk Amerikanyň howa giňişligini goramak boýunça NORAD guramasy 4-nji maýda habar berdi.

Orsýetiň bombaçy uçarynyň söweş uçarlary bilen bilelikde agzalan giňişlikde peýda bolmagynyň ençeme ýylyň dowamynda ilkinji ýagdaý bolandygyny resmiler aýtdylar.

Orsýetiň uçary 2-nji maýda Alýaskanyň kenaryndan 80 çemesi kilometr uzaklykda uçupdyr.

Uçarlaryň howada peýda bolan giňişligi ABŞ-nyň territoriýasynyň daşynda, emma ABŞ tarapyndan uçarlaryň özlerini anyklaşdyrmagy talap edilýän zonanyň içinde ýerleşýär.

Orsýetiň dört sany uçarynyň, şol sanda ýadro ýaragyny götermäge ukyply bombalaýjy uçarlarynyň Raptor F-22 kysymly iki sany söweş uçary tarapyndan öňüniň alnandygy aýdylýar.

Orsýetiň Goranmak ministrligi Ýuwaş okeanyň we Aleut adalarynyň üstünden uçmagyň “adaty” ýagdaýdygyny aýtdy we onuň howa giňişliklerine degişli halkara düzgünlerine laýyk gelýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG