Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: Siriýadaky howpsuz zolaklar ABŞ-nyň uçarlary üçin ýapyk bolar


Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýa degişli medisina dikuçary siriýaly kürtleriň ýaşaýan Derik şäherçesiniň golaýyndan uçup barýar. 25-nji aprel, 2017 ý.

Russiýanyň diplomaty Türkiýe, Russiýa we Eýran tarapyndan gazanylan ylalaşygyň çäginde Siriýada dörediljek howpsuz zolaklaryň Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýanyň söweş uçarlaryna ýapyk boljakdygyny aýtdy.

Bu barada Russiýanyň Siriýada parahatçylyk gazanmak ugrunda geçirilýän gepleşiklerdäki baş wekili Aleksandr Lawrentýew 5-nji maýda gazak paýtagty Astanada eden çykyşynda belledi.

Mundan bir gün öň, Siriýada parahatçylyk gazanmak ugrunda bitarap giňişlik hökmünde Gazagystanda geçirilýän gepleşiklerde gürrüňi edilýän ylalaşyk dogrusynda memoranduma gol goýuldy. Bu gepleşiklere Russiýa, Türkiýe we Eýran araçylyk edýär.

“Söweş hereketlerini çäklendirmek zolaklarynda howa operasiýalary, hususan-da, halkara koalisiýa güýçleriniň howa operasiýalary, öňünden duýduryş berlip ýa-da berilmezden, hiç bir ýagdaýda göz öňünde tutulmaýar. Bu mesele gutarnykly ýapyldy” diýip, Lawrentýew aýtdy.

Russiýa, Türkiýe we Eýran tarapyndan goldanylan planda agzalýan zolaklaryň üstünden ähli uçuşlaryň gadagan edilmegine çagyryş edilse-de, Lawrentýew bu barada Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýanyň uçarlary hakda, Russiýanyň habar agentligi tarapyndan berlen soraga jogap berdi.

Russiýa we Birleşen Ştatlar tarapyndan Siriýada aýry-aýrylykda amala aşyrylan howa zarbalary kampaniýasy soňky iki ýylyň dowamynda dartgynlylygyň döremegine sebäp boldy.

4-nji maýda Lawrentýew žurnalistlere beren maglumatynda, ylalaşygyň 6-njy maýdan güýje girjekdigini we pitneçi toparlar hüjümleri amala aşyrmasa, onda Siriýanyň hökümet güýçlerine degişli söweş uçarlaryň howpsuz zolagyndan daşda durmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Ýaragly oppozisiýanyň agzalarynyň aýtmagyna görä, şeýle kadadan çykmalar Russiýa tarapyndan goldanylýan hökümet güýçleriniň geçmişde islendik ýere hüjümleri amala aşyrmagyna we olaryň terroristleri nyşana alýandygyny aýtmagyna mümkinçilik döredipdi.

Birleşen Ştatlar özüniň “Siriýadaky ýowuzlygy hakyky manyda çäklendirjek islendik tagallany goldaýandygyny” aýdyp, ylalaşyga seresaplylyk bilen reaksiýa bildirdi. Emma şol bir wagtda-da, Birleşen Ştatlar Eýranyň roly barada alada bildirip, Russiýa Siriýanyň hökümetiniň bu ylalaşygy berjaý etjekdigine kepil geçmelidir diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonio Guterres ylalaşygy seresaplylyk bilen gowy garşy aldy, emma ol munuň netijelerini ýerinde görmegiň möhümdigini aýtdy.

“Guterres ‘Siriýanyň möhüm territoriýalaryndaky ýowuzlyklary çäklendirmek baradaky ylalaşygy gowy garşy aldy. Bu ylalaşygyň siriýalylaryň durmuşyny hakykatdan hem gowulandyrýandygyny görmek möhüm’ diýdi” diýip, onuň metbugat wekili Stephane Dujarriç 4-nji maýda ýaýradan beýanatynda aýtdy.

Astanada geçirilen parahatçylyk ugrundaky gepleşiklerde gol goýlan memorandum 4-nji iýuna çenli düzülmeli howpsuz zolaklaryň çäginde ok atyşygy bes etmegi, ähli uçuşlary gadagan etmegi, agzalýan territoriýalara ynsanperwer kömegiň gyssagly ugradylmagyny we bosgunlaryň yzyna dolanmagyny üpjün edýär.

“Gutteres ‘ähli ýaraglaryň, aýratyn-da howa enjamlarynyň ulanyşyny bes etmek we gyssagly medisina kömegini we esasy zerurlyklary ugratmak baradaky borçnamalary gowy garşy aldy. Emma bu siriýalylaryň gaçybatalga soramak baradaky hukuklaryna täsir ýetirmeli däl’ diýdi” diýip, Dujarriç aýtdy.

Howpsuz zolaklar paktyna Siriýanyň ýaragly oppozision toparlary tarapyndan garşylyk görkezilipdi. Olar beýleki zatlar bilen bir hatarda, Eýranyň ylalaşykdaky roluna garşylyk bildiripdiler.

Agzalýan memorandumda Siriýanyň demirgazygynda, merkezinde we günortasynda dört sany “çäklendirme zolaklaryny” döretmäge çagyryş edilýär. Bu territoriýalarda Assadyň güýçleri bilen pitneçileriň arasynda bolan söweşde 2011-nji ýyldan bäri 400 müň çemesi adam öldürildi.

Başlangyçda howpsuz zolaklar Russiýa tarapyndan teklip edildi. Russiýa Siriýadaky konfliktiň dowamynda Assada esasy harby we diplomatik goldawy berýär.

2-nji maýda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp bilen geçiren telefon arkaly gepleşiginde, howpsuz zolak baradaky teklibini maslahat edipdi.

XS
SM
MD
LG