Sepleriň elýeterliligi

Nawalnyý Ýewropa wiza almak üçin dokumentlerini tabşyrdy


Rus oppozisioneri Alekseý Nawalnyý

Rus oppozisioneri Alekseý Nawalnyý Ýewropa wiza almak üçin dokumentlerini tabşyrdy. Ol daşary ýurtda gözüne düşen ýanyk ýarasyny bejertmekçi bolýar.

Bu barada Nawalnynyň federal ştabynyň başlygy Leonid Wolkow habar berdi. Emma Wolkow oppozisioneriň haýsy ýurduň ilçihanasyna ýüz tutandygyny aýtmady.

Nawalnynyň özi ozal bejergi üçin ýa Ispaniýa, ýa-da Şweýsariýa gitjegini aýdypdy.

Nawalna areliň aýagynda, Moskwada hüjüm edildi. Onuň gözüne ýaşyl reňkli himiki suwuklyk sepdiler we netijede syýasatçynyň gözüne himiki ýanyk ýarasy düşdi.

Şondan soň rus häkimiýetleri Nawalna birden daşary ýurt pasportyny berdiler. Oppozisioner ozal bu pasporty, jenaýat işleri sebäpli, bäş ýyllap alyp bilmändi.

XS
SM
MD
LG