Sepleriň elýeterliligi

Siriýaly gozgalaňçylar Damaskyň eteginden çekilip başladylar


Damaskyň etegindäki Barzeh etraby, 9-njy fewral, 2017.

Gozgalaňçylaryň ýüzlerçesi hökümet bilen gelnen ylalaşygyň netijesinde öz maşgalalary bilen Damaskyň etegindäki Barzeh etrabyny terk edip başladylar, diýip döwlet mediasy we synçy toparlar habar berýärler.

Döwlet telewideniýesi söweşijileriň Barzeh etrapçasyndan Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda gozgalaňçylaryň elinde saklanýan Idlib regionyna ewakuasiýa edilmek çäresiniň berjaý edilip başlanandygyny habar berdi, emma detallar mälim edilmedi.

Siriýada adam hukuklarynyň gözegçisi atly topar 1500 adamyň 8-nji maýda Barzehy terk etmegine garaşylýandygyny we beýleki tapgyrlaryň ondan soňky hepdelerde dowam etjekdigini mälim etdi.

Damaskyň demirgazyk gündogarynda ýerleşýän Barzehde soňky aýlarda gozgalaňçylaryň we Siriýanyň hökümet güýçleriniň arasynda bolan güýçli söweşler amala aşyrylypdy.

Damaskyň, Homsyň we Alepponyň daşynda gabawda saklanýan onlarça müň adam ýurtda gozgalaňçylaryň elinde saklanýan beýleki giňişliklerde has howpsuz ýerlere göçmek mümkinçiligine eýe boldular.

XS
SM
MD
LG