Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň goranmak ministri Saud Arabystanyna duýduryş berdi


Eýranyň goranmak ministri Hossein Deghan
Eýranyň goranmak ministri Hossein Deghan

Eýran öz garşydaşy Saud Arabystanynyň “äsgermezçilikli” hereket eden ýagdaýynda bu ýurduň yslamyň mukaddes gymmatlyklaryndan başga ähli ýerlerine zarba urup biljekdigini aýtdy.

Eýranyň goranmak ministri Hossein Deghanyň 7-nji maýda eden bu çykyşy Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasynyň orunbasarynyň Tährany musulman dünýäsinde höküm sürmäge synanyşyk etmekde aýyplamagynyň we söweş meýdanynyň Saud Arabystanynyň däl-de Eýranyň içinde bolup biljegi barada aýdanlarynyň yzýanyna gabat geldi.

Tähran bu çykyşy “bikanun we öjükdiriji” diýip atlandyrdy.

Ýarym resmi Tasnim täzelikler agentliginiň Deghanyň arap dilindäki Al-Manar telewideniýesine “eger saudiler äsgermezçilikli haýsy-da bolsa bir zat etseler biz Mekkadan we Medinadan başga hiç ýeri degmän geçmeris” diýip, aýdandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG