Sepleriň elýeterliligi

Galmagalçy rus režissýory Zwýagintsew täze filmi bilen ýaňadan dile düşýär


Andreý Zwýagintsewiň "Söýgüsizlik" atly kinofilminden bir sahna.

17-nji we 28-nji maý arasynda geçirilmegi planlaşdyrylan 70-nji Kann halkara kino festiwalynyň esasy tapgyrynda bäsleşjek filmleriň sanawy aýan edildi.

Sanawda Sofia Coppola, Michael Haneke, François Ozon, Fatih Akyn ýaly tanymal režissýorlaryň ýanynda, döwrebap rus kino sungatynyň iň meşhur režissýorlarynyň biri - Andreý Zwýagintsewiň hem ady bar. Ol režissýor kino festiwalda "Söýgüsizlik" atly täze filmini köpçülige hödürlär.

Andreý Zwýagintsew 2003-nji ýylda ekranlara çykan "Gaýdyş" atly kinofilmi bilen bilelikde her filmi uly seslenme döredýan, kinolaryna sabyrsyzlyk bilen garaşylýan, festiwaldan baýraksyz gaýtmaýan bir režissýordyr.

Andreý Zwýagintsew Kann kinofilm festiwalynda.
Andreý Zwýagintsew Kann kinofilm festiwalynda.

Onuň 2014-nji ýylda surata düşüren, häkimiýetiň ýumrujy güýjünden söz açýan "Lewiafan" atly kinofilmi-de sungat hem-de jemgyýetçilik gymmaty taýdan soňky döwrüň iň köp seslenme döreden filmleriniň biri hasaplanýar.

Andreý Zwýagintsew "Söýgüsizlik" atly kinofilmini "Lewiafan" atly filmini tamamlandan bir ýyl soň surata düşürmäge başlapdyr.

"Ýelena" we "Lewiafan" atly kinolardan soň režissýoryň bu filmi hem sosial tema bagyşlanypdyr. "Söýgüsizlik" atly kino aýrylyşjak bolýan bir çatynja hakyndadyr.

Ondaky gahrymanlar entek doly aýrylyşmandyr, ýöne erkek adamyň indi başga söýgülisi, aýalyň bolsa barly janköýerleri bar.

Resminama, iş kagyzlary, kazyýet işleri bilen garabaşyna gaý bolan är-aýal aýrylyşma işleri bilen 12 ýaşyndaky ogly Alýoşany ýadyndan çykaryp, onuň durmuşyny hem bozýarlar.

Aladalar sebäpli Alýoşa gaýyp bolýar

Režissýoryň aýtmagyna görä, "Söýgüsizlik" atly kinofilmi swed režissýory Ingmar Bergmanyň "Maşgala durmuşyndan sahnalar" atly filminden ylham alyp surata düşürýär.

Kinofilmiň baş rollaryny Marýana Spiwak we Alekseý Rozin ("Ýelena" we "Lewiafan" atly kinolarda hem oýnapdyrlar) ýerine ýetirýärler.

"Sözgüsizlik" atly kinofilminde beýleki gahrymanlar hem bar - meýletin halas ediji we gözleg-halas ediş toparlary. Režissýor şeýle sahnalaryň üstünde işlän mahaly "Liza Alert" toparynyň öňbaşçylary bilen maslahatlaşypdyr.

Andreý Zwýagintsew halas ediş toparyny ssenariýa goşmagy barasynda söz açanda:

"Meni ýygy-ýygydan kinolarymda ýagşy gahrymanlaryň ýokdugyny aýdyp tankyt edýärler. Mundan beýläk tankyt etmek üçin başga argumentler gözlesinler. Halas edijiler ýaly ýagşy gahrymanlar tapmak kyndyr durmuşda" diýýär.

Režissýor täze kinofilminde hem hemişeki topary bilen işleşipdir. Filmiň ssenariýasynyň awtory Oleg Negin, operatory Mihail Kriçman, suratlaryň esasyny goýan Andreý Pankratow, prodýusseri bolsa Aleksandr Rodnýanskidir.

"Söýgüsizlik" atly kinofilm Moskwada we onuň töwereginde surata düşürilipdir. Aslynda filmiň surata düşürilmegi 2016-njy ýylyň güýzünde gutarmaly ekeni. Ýöne garyň garaşylandan ir ýagmaga başlamagy toparyň planlaryny üýtgedipdir. Gerek bolan sahnalary surata düşürmek üçin, topar tomusa garaşmaga mejbur bolupdyr.

Arakesmede bolsa Andreý Zwýagintsew öz döredijiliginde ilkinji gezek doly tamamlanmadyk kinofilmiň montažyna, ýagny kebşirlenme işine başlapdyr.

Kino resmi ýagdaýda 5-nji aprelde gaýtadan surata düşürilmäge başlanypdyr. Kann festiwalynyň emin agzalaryna filmi ibermegiň kesgitlenen senesi 10-njy aprel bolany üçin, täze kadrlary tassyklanan filme soň goşupdyrlar.

10-njy aprelde prodýusser Rodnýanski kinofilmi emin agzalara hödürlemek üçin, Pariže äkidipdir.

Üç gün soň Kann kinofilm festiwalynyň esasy sanawyna goýlan filmleri aýan eden festiwalyň müdiri Thierry Fremont ilki bilen Andreý Zwýagintsewiň kinosynyň adyny çekipdir we ony döwrebap rus kinosynyň täze başlangyjy diýip atlandyrypdyr.

"Söýgüsizlik" atly film Russiýanyň medeniýet ministrliginiň, Kino fondunyň we umuman alnanda hiç hili döwlet goldawy bolmazdan taýýarlanypdyr. Onuň taýýarlanmagyna Eurimages Ýewropa kino fondy, fransuz we nemes kino firmalary, Dardenn doganlaryň şereketi we haýyr-sahawatçy Gleb Fetisow gatnaşypdyr.

Ýeri gelende belläp geçmeli bolsa, film entek öz işini tamamlamaýan Berlin kinofestiwalynyň bazarynda halkara prokat hukugynyň satuwy taýdan rekord goýupdyr.

"Söýgüsizlik" atly film bütin Ýewropada halka hödürlenmek üçin satyn alnypdyr.

Kann kinobazarynda bolsa, ABŞ bilen beýleki ýurtlarda satuw şertnamalarynyň baglanyşylmagyna garaşylýar.

Andreý Zwýagintsewiň "Gaýdyş" atly filmi 2003-nji ýylda Wenesiýa halkara kino festiwalynyň esasy baýragy bolan "Altyn ýolbar" baýragyna, "Ýelena" atly kinosy hem 2011-nji ýylda Kann festiwalynyň "Hususy garaýyş" ugry boýunça emin agzalary toparynyň baýragyna mynasyp bolupdyr. "Lewiafan" atly kinofilmi 2014-nji ýylda Kann festiwalynda "iň gowy ssenariýa" ugrynda, 2015-nji ýylda "Altyn globus" bäsleşiginde hem "daşary ýurt dilinde iň gowy film" ugryndan ýeňiş gazanypdyr.

(Sanalyp geçilen baýraklar filmleriň gazanan ýeňişleriniň diňe belli bir bölegidir).

XS
SM
MD
LG