Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda urşa gatnaşanlar, olaryň yzynda galanlar nähili şertlerde ýaşaýarlar?


Ýeňiş baýramy, Türkmenistan
Ýeňiş baýramy, Türkmenistan

Ikinji Jahan Urşundaky ýeňişiň ýyl dönümine gabatlanyp, Türkmenistanda uruş weteranlaryna hem uruşda wepat bolanlaryň maşgalalaryna döwlet tarapyndan sowgat berildi.

Döwlet mediasy Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan pul we gymmatbaha sowgatlaryň Aşgabatda dabaralary ýagdaýda gowşurylandygyny, şeýle-de, şuňa meňzeş dabaralaryň ýurduň ähli regionlarynda geçirilendigini 7-nji maýda habar berdi. Sowgadyň bahasy we möçberi takyklaşdyrylmady.

Türkmenistanda uruş weteranlary we uruşda wepat bolanlaryň yzynda galanlar şu günki gün nähili şertlerde ýaşaýarlar? Olara gündeki durmuşda döwlet tarapyndan nähili kömek berilýär?

Azaytlyk Radiosy bu sowallary bilen Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa ýüzlendi.

Türkmenistanda urşa gatnaşanlar, olaryň yzynda galanlar nähili şertlerde ýaşaýarlar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:40 0:00

XS
SM
MD
LG