ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 10-njy maýda Ak Tamda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçirjek geleşiginde Siriýany we beýleki halkara meselelerini ara alyp maslahat eder, diýip Ak Tamyň resmileri 9-njy maýda habar berdi.
Duşuşyk Trampyň döwlet başyna geçeli bäri Orsýetiň ýokary derejeli resmisi bilen ýüzbe-ýüz geçirjek ilkinji gepleşigi bolar. Bu duşuşyk Orsýetiň Trampyň saýlaw kampaniýasyna goşulyşan bolmagynyň güman edilýän wagtyna gabat geldi.
Trampyň Lawrow bilen gepleşikleri, Orsýetiň daşary işler ministriniň ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson bilen 10-njy maýda geçirjek duşuşygynyň yzýany göz öňünde tutulýar.
Tramp 2016-njy ýylyň saýlaw kampaniýasynda Orsýet bilen has gowy gatnaşyga çagyryş edipdi, emma häkimiýet başyna geçeli bäri NATO-nyň Orsýetiň harby taýdan güýçlenmegi bilen bagly hereketlerine garşy durmak boýunça tagallalaryny goldapdy.
Lawrow Waşingtona 2013-nji ýylda bäri ilkinji gezek barýar. Onuň bu sapary Siriýada zorlugy bes etmek boýunça Türkiýäniň, Orsýetiň we Eýranyň araçylygynda geçen hepdede ylalaşyga gelinmeginiň yzýanyna gabat geldi.