Sepleriň elýeterliligi

Eýran Aşgabady suda bermäge taýýardygyny aýdýar


Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hamid Reza Araki

Eýran gyş möwsümi Türkmenistanyň akdyrýan gazyny kesmegi sebäpli, Aşgabady Halkara Arbitraž suduna bermek üçin, ähli gerekli dokumentleri taýýar edendigini aýdýar.

Bu barada Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hamid Reza Araki mälim etdi diýip, Eýranyň habar serişdeleri maglumat berýärler.

Araki Türkmenistana “gazyň bahasy, gyş möwsümi gazy akdyrmagyny bes edip ýetiren zyýany we akdyrýan gazynyň hili boýunça” nägilelilik bildiriýländigini aýtdy.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, resmi Aşgabat Tähranyň türkmen gazy üçin iki milliard dollar möçberinde bergisiniň bardygyny aýdyp, şu ýylyň başyndan, Eýrana gaz akdyrmagyny bes etdi.

Munuň yz ýany, Eýranyň Milli gaz kompaniýasy akdyrylýan tebigy gazyny keseni üçin, Türkmenistan Tährana jerime tölemeli bolar diýip çykyş etdi. Aşgabat bolsa Eýrana akdyrylýan türkmen gazynyň çäklendirilmek ähtimallygy barada, Tährana öňünden duýdurylandygyny aýdypdy.

“Gynansak-da, 2013-nji ýyldan bäri Eýranyň Milli gaz kompaniýasy Eýran yslam respublikasyna öň akdyrylan türkmen gazy üçin, bergisini tölemekde zerur bolan tagallalary etmedi” diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda mälim edildi.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bolsa, 2007-2008-nji ýyllaryň gyşynda Türkmenistan ýurtdaky gaz ýetmezçiliginden peýdalanyp, ylalaşykda kesgitlenen tebigy gazyň bahasyny dokuz esse gymmatlatdy diýdi. Munuň netijesinde, öň 1000 m3 tebigy gaz üçin $40 möçberinde töleg alnan bolsa, onuň möçberi $360 çykarylypdyr.

Bu dawanyň fonunda Eýranyň ýokary derejeli resmileri türkmen gazyna zerurlygyň ýokdugyny aýdyp, telim tapgyr çykyş edipdiler. Galyberse-de, eýran resmileri bu iş bilen baglylykda, “Türkmengaz” kompaniýasy babatynda kanun taýdan çäre görmäge başlajakdygyny duýdurypdylar.

Emma Hamid Reza Arakiniň soňky çykyşynda, eger-de Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserni özara ylalaşsalar, bu dawanyň Halkara Arbitraž suduna geçirilmegine zerurlygyň ýokdugyny hem nygtalýar.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gaz söwdasy iki ýurduň 1997-nji ýylda baglaşan ylalaşygyna görä amala aşyrylýar. Türkmen gazy esasan Eýranyň demirgazyk, ýurduň günortasyndaky gaz ýataklaryndan uzakdaky sebitlere akdyrylýar.

Käbir maglumatlarda Eýranyň 2006-2016-njy ýyllarda Türkmenistandan jemi 74,35 milliard kubometr gazy satyn alandygy habar berilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG