Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň sudy 'Pokemon Go' bloggerini günäli tapdy


Blogger Ruslan Sokolowskiý, Ýekaterinburg, 11-nji maý, 2017

Orsýetiň sudy kilisede “Pokemon Go” oýnuny oýnaýandygyny görkezýän wideony YouTube saýtynda çap eden bloggeri ýigrenji tutaşdyrmakda we dinçileriň ynanjyny kemsitmekde günäli tapdy.

Uralyň Ýekaterinburg şäheriniň sudunyň Ruslan Sokolowskiý üçin tussaglyk möhleti 11-nji maýda yglan etmegine garaşylýar, bu mesele adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler tarapyndan ýazgaryldy.

22 ýaşly Sokolowkiý Ýekaterinburg şäheriniň prawoslaw kilisesinde “Pokemon Go” oýnuny oýnaýandygyny görkezýän wideosynyň çap edilmeginden soň sentýabr aýynda tussag edilipdi.

Sokolowskiniň YouTube saýtynda çap eden wideosy şol wagtda 300 müň adam tarapyndan görüldi. Onuň ýerleşdirilmegi agzalan oýny din bilen bagly ýerlerde oýnamazlyk barada döwlet telewideniýesinde berlen duýduryşyň yzýanyna gabat geldi.

Prokurorlar Sokolowskiý üçin jeza hökmünde 3 ýarym ýyl türme tussaglygyny soraýarlar. Blogger öz hereketiniň “zorluk bilen hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny” we özüniň ekstremist däldigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG