Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Öňki tussaglara olimpiýa şäherçesiniň golaýynda görünmezlik tabşyryldy


Illýustrasiýa

Maý aýynyň başyndan bäri Aşgabatda öňki sud edilen ýaşaýjylar gürrüň geçirmek üçin polisiýa merkezine çagyrylýar ýa-da polisiýa işgärleri olaryň öýlerine gelýär diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.

Bu neşiriň 10-njy maýda çap eden maglumatyna görä, polisiýa işgärleri öň sud edilen raýatlara häzirki wagt näme bilen meşgullanýandygy, olaryň nämäniň hasabyna eklenýändigi we boş wagtlaryny nähili geçirýändigi baradaky soraglary berýärler.

“Şondan soň polisiýa işgärleri sud edilen raýatlaryň öň we gapdal tarapdan ýüzüni surata düşürýärler. Şeýle-de, olaryň ‘Aziada-2017’ oýunlarynyň çäginde geçiriljek islendik çärä barmagynyň gadagandygyny duýdurýarlar” diýip, neşir öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri hem tassyklap, soňky aýlarda şäheriň degişli polisiýa departamentleri tarapyndan türmeden boşap gelen raýatlara edilýän gözegçiligiň güýçlenendigini, olaryň öýlerine baryp ýa-da polisiýa merkezine çagyrylyp soraga çekilýändigini aýdýarlar.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran 52 ýaşly aşgabatlynyň aýtmagyna görä, özi ýaly öň türmede oturyp gelen raýatlara polisiýa tarapyndan birnäçe sorag berlip, olardan olimpiýa şäherçesiniň we protokol köçeleriniň golaýynda gezelenç etmezlik, şol töwerekde asla görünmezlik tabşyrylýar.

“Maňa ‘nämäniň hasabyna eklenýäň? Boş wagtlaryňda näme bilen meşgullanýaň? Şu wagta çenli näme üçin işe ýerleşmediň?’ diýen soraglary berdiler. Şeýle-de, Aziýa oýunlarynyň geçiriljek sebitlerine barma diýdiler. ‘Sen ynamdan gaçan adam, olimpiýa şäherçesiniň golaýynda jenaýat işi ýüze çyksa, ilki seniň ýakaňdan tutarlar’ diýdiler” diýip, türmeden boşap gelen aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.

Mundama başga, ol polisiýa işgärleriniň diňe özlerini soraga çekmek bilen çäklenmän, eýse, öz goňşy-golamlary bilen söhbetdeşlik geçirip, olardan hem özleri barada maglumat alýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Olar biziň goňşularymyzdan ‘seniň goňşyň özüni talaba laýyk alyp barýarmy? Jenaýat işini edýändir diýip pikir edýäňmi? Ýanyna kimler gelýär? Gijelerine öýünde bolýarmy-bolanok?’ diýen soraglary berýärler. Bu zatlar bizi gaty kemsidýär. Öňki eden jenaýatymyz üçin, türmede oturyp gelenimizden soň hem çagalarymyzyň öňünde ýüzümiz gyzarýar. Gaty namys edýäris. Bize ‘mugthorluk edip ýörmäge utanaňokmy?’ diýýärler. Munuň deregine bizi iş bilen üpjün etseler minnetdar bolardyk” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.

Türmeden boşap gelen raýatlara edilýän gözegçiligiň güýçlenýändigi baradaky maglumatlary Aşgabat şäher polisiýa departamantiniň adynyň efirde agzalmazlygyny soran maýory hem tassyklap, bu çäräniň şu ýylyň başyndan bäri dowam edýändigini aýtdy, emma onuň sebäpleri barada anyk maglumat bermekden saklandy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda welaýat, etrap, şäher häkimlerine we beýleki ýolbaşçylara ýüzlenip, tussaglykdan boşadylan adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi ýygy-ýygydan tabşyrýar.

Emma muňa garamazdan, ýurtda türmede oturyp çykan adamlaryň iş tapmakda örän kynçylyk çekýändigini, şol sebäpli olaryň tas ählisiniň diýen ýaly işsizdigini ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi aýdýar.

Halkara hukuk toparlarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan sebitde ilat sanyna düşýän tussaglaryň sany boýunça, iň öňdäki orunlary eýeleýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG