Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Smartfon bilen oýnaýan çagalar giç gepleýär


Illýustrasiýa

Iki ýaşyndan kiçi bolan çagalaryň elinde köp wagtlap smartfon tutmagy, olaryň gepleşmek ukybyny peseldýär.

Amerikanyň Pediatriýa akademiýasynyň barlagçylary şeýle netijäni tassyklaýar.

Barlagçylar Torontoda üç ýylyň dowamynda, 6 aýlykdan 2 ýaş aralygyna bolan çagalaryň üstünde derňew geçiripdirler.

18 aýlyk çagalaryň aýlyk saglyk barlagynda olaryň ene-atalarynyň ýüzden 20 göterimi, çagalaryň her gün takmynan 28 minut elektron portatiw enjamlar bilen oýnaýandygyny bildiripdir.

Barlagçylaryň anyklamagyna görä, çaga näçe köp planşet, telefon ýaly elektronik enjamlar bilen köp wagt geçirse, şonça-da gepleşmek ukybyny pese gaçyrýar. Günde 30 minut şeýle enjamlary ulanýan çaganyň gepleşmek ukyby ýüzden 50 göterim yza tesýär.

Geçirilen ylmy barlagda mawy ekranyň öňünde geçýän wagt bilen sosial gatnaşyklar we beden diliniň kämilleşmeginiň arasynda bolsa bir arabaglanyşyk tapylmandyr.

Bu saparky ylmy barlagyň bu ugurdaky käbir sebäpleri we täsirleri doly subut etmändigi üçin, alymlar temanyň has jikme-jik barlaga mätäçlik çekýändigini nygtaýarlar.

XS
SM
MD
LG