Sepleriň elýeterliligi

Azeri sudy garaşsyz media serişdelerini petiklemek hakynda karara çykardy


Baku, Haýdar Alyýew merkezi

Azerbaýjanyň sudy birnäçe garaşsyz websaýty, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Azeri gullugynyň saýtyny petiklemek baradaky şikaýaty goldaýan karar çykardy.

Bakuwyň Sabail etrap sudy 12-nji maýda ýurduň Transport, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýa ministrliginiň bu websaýtlary petiklemek talabyny kanagatlandyrmaly etdi.

AÝ/AR suduň kararyndan şikaýat etjekdigini, munuň ýurtda maglumat berilmeginiň öňüni almak boýunça edilen “ýene bir zoňtar synanyşykdygyny” aýtdy.

Azatlygyň Azerbaýjan gullugyndan başga, bu karar esasynda oppozisiýadaky “Azadliq” gazeti, “Meydan TV” we ýene-de iki sany Internet TV programmasy petiklenýär.

AÝ/AR-nyň prezidenti Thomas Kent bu kararyň “AÝ/AR-nyň Azerbaýjandaky işini ýalňyş düşündirýändigini we Azerbaýjanyň metbugat azatlygyny hormatlamak baradaky halkara borçnamalaryna ters gelýändigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG