Sepleriň elýeterliligi

Global kiber hüjüminiň sebäpkärleri gözlenýär


“WannaCry” hüjümleriniň depgini 12-nji maýda peseldi.

100 töweregi ýurda zarba uran global kiber hüjümleriniň arkasynda duran adamlaryň halkara gözlegi dowam edýär.

Şu aralykda, 13-nji maýda dünýäniň biznes edaralary öz goraglaryny güýçlendirýändiklerini aýtdylar, sebäbi ekspertler hüjümleriň gowşamagynyň diňe wagtlaýyn bolmagynyň ahmaldygyny duýdurýarlar.

“WannaCry” hüjümleriniň depgini 12-nji maýda, azyndan 100 müň kompýuteri doňduranyndan soň gowşady. Wirusyň öjükdirijileri kompýuter eýelerinden öz kodlanan maglumatlaryna aralaşmak üçin 300-den 600-e çenli dollar tölemegi talap etdiler.

"Bu häzir kesildi, emma onuň ýene bolmagy mümkin” diýip, "Claroty" kiber howpsuzlygy firmasynyň ýolbaşçylarynyň biri Patrik MkBride “Roýters” habar gullugyna aýtdy. “Biz munuň yzyna gelmeginiň doly ahmallygyny çaklaýarys” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýewropol, Ýewropanyň polisiýa gullugy hem “bu hüjümleriň ozal görülmedik derejede bolandygyny we onuň arkasynda duranlary tapmak üçin toparlaýyn halkara derňewiniň zerur boljakdygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG