Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewrowideniýede syýasatyň orny


Ýewrowideniýe bäsleşiginde ses berlişik (2014)
Ýewrowideniýe bäsleşiginde ses berlişik (2014)

Altmyş ýyllyk taryhynyň dowamynda Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigini ençeme gezek tankyt edipdiler. Ýeňijiniň gatnaşýanlaryň islegine we sungat ukybyna görä däl-de, syýasatyň gün tertibine görä saýlanandygyny öňe sürüpdirler. Gatnaşýan ýurtlar hem gaýta-gaýta guramaçylary we birek-biregini bäsleşigi syýasylaşdyrmak bilen aýyplapdylar.

Ýewrowideniýe bäsleşigine gatnaşýanlaryň ilkinji we iň esasy nägileligi goňşy ýurtlara ses bermek kadasy bilen arabaglanyşyklydyr. Bäsleşigiň şertlerine görä, öz aýdymçysyna ses berip bilmeýän ýurtlar indi ençe ýyldan bäri goňşy ýurtlaryň aýdymçylaryna ýokary bal berip gelýärler: Balkan ýurtlary, Russiýa we Belarus, Gresiýa we Kipr, Azerbaýjan we Türkiýe... Ondan soň internetde adamlar ýarym ýyllap Ýewrowideniýede berlen iň ýokary bahalaryň ýurtlaryň özara gatnaşygynyň gowulaşmagyna kömek edýändigini öňe sürýärler.

Britaniýa, Gürjüstan galmagallary

Ýewrowideniýede yzdaky orunlary eýelemek hemişe syýasy galmagallara sebäp bolýar. Meselem, britaniýalylaryň aglaba köpçüligi henizem ýurduň 2003-nji ýyldaky bäsleşikde sezewar bolan şowsuzlygynyň aýdyma görä däl-de, hut premýer-ministr Tony Blairiň Yraga goşun ibermegi bilen baglanşykly bolandygyna ynanýar. Şol ýyl Britaniýa bäsleşikde hiç hili baha alman, iň soňky orunda galypdy.

Juda närazy bolýan ýurtlar bolsa öz wekillerini bäsleşikden yzyna çagyrýar. Meselem, sekiz gün dowam eden uruşdan ýarym ýyl soň, ýagny 2009-njy ýylda Gürjüstan Moskwada geçirilen Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmakdan ýüz öwürýär. Gürjüstanyň içinde şol ýyl Ýewrowideniýä gatnaşmak üçin geçirilen bäsleşikde birinji orny eýelän aýdymyň ady "We Don'n Wanna Put In" ekeni. Russiýanyň tagallasy bilen Ýewropanyň teleradio ýolbaşçylary Gürjüstandan ol aýdymyň adynyň üýtgedilmegini, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň adyny ýada salýan sözleriň hem aýrylmagyny teklip edýär. Ýöne Gürjüstan muňa razy bolman, şol ýyl bäsleşige gatnaşmakdan ýüz öwürýär.

Ermenistan hem öz gezeginde aýdym-saz bäsleşigini protest edýär. 2012-nji ýylda ýurduň wekilleri Ermenistan-Azerbaýjan serhedinde ermeni esgeriniň öldürilmegini ýazgaryp, Bakuwda geçirilen bäsleşige gatnaşmaýar. Ermenistanyň aýtmagyna görä, ol esgeri Azerbaýjanyň mergenleri atyp öldüripdir. Azerbaýjanyň prezidenti bolsa öz çykyşynda, öz ýurdunyň esasy duşmanynyň "ermeni diasporasy" bolup durýandygyny öňe sürýär. Şonda bäsleşige gatnaşmakdan gaty giç ýüz öwürendigi üçin, Ermenistany jerime tölemeli edýärler.

43 azerbaýjanly Ermenistana ses beripdir

Bu Ýewrowideniýe bäsleşiginde Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda bolan ilkinji galmagal däldir. Moskwada geçirilen bäsleşikde ermeni gatnaşyjylary öz taýýarlan wideolarynda, Daglyk Garabagda, Hankentde ýerleşýän ýadygärligi hem görkezýärler. Azerbaýjan öz ýurdundaky ýadygärligiň ol wideoda görkezilmegine nägilelik bildirýär we ondan soň wideonyň içinden şol kadrlar kesilip aýrylýar.

Ýöne şol bir wagtyň özünde, Azerbaýjanyň 43 raýaty Ermenistana ses berýär. Bäsleşigiň yz ýanyndan olardan käbiri watansöýer bolmandygy üçin soraga çekildi diýip, BBC neşiri habar beripdi.

Russiýa hem bu ýylky Ýewrowideniýäni protest etmegi göz öňünde tutýardy. Munuň sebäbi geçen saparky bäsleşikde Krym tatary bolan ukrainaly aýdymçynyň ýeňiji bolmagydyr. Geçen ýyl Stokgolmda geçirilen aýdym-saz bäsleşiginde, Jamala Krym tatarlarynyň öz watanyndan Özbegistana sürgün edilişini aňladýan "1944" atly aýdymyny ýerine ýetirýär. Şonda Russiýadaky käbir närazy tomaşaçylar protest gurnaýarlar. Olar Jamalanyň "bäsleşigiň kadalaryny bozany sebäpli" gazanan ornundan mahrum edilmegini, birinji ornuň bolsa Russiýanyň aýdymçysy Sergeý Lazarewe berilmegini talap edýärler.

Halk wekillerinden çagyryşlar

Halk wekilleri Witaliý Milinow we Iosif Kobzon Russiýanyň Ýewrowideniýe - 2017 bäsleşigine gatnaşmazlyga çagyrýarlar. Ýöne yüz tutmak möhletiniň dolmagyna birnäçe sagat galanda, 1-nji kanal ýurduň bäsleşige gatnaşjakdygyny habar berýär.

W. Milinow Awstriýanyň aýdymçysy Conchita Wurstyň ýeňiş gazanmagyndan soň, Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň bäsleşige gatnaşman, özbaşyna "aýal eşik geýen erkek adamlaryň" gatnaşmaýan Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigini gurnamagyny teklip edýär.

Aýal eşikli sakgally adamyň bäsleşikde ýeňiş gazanmagy Russiýanyň jemgyýetinde uly nägilelikleriň döremegine sebäp bolýar. Üstesine-de, bu waka Russiýada gomoseksualizmi gadagan edýän kanunyň kabul edilmeginiň ýarym ýyl dolmagyna gabat gelýär.

1998-nji ýylda ysraýylly transgender aýdymçy Dana Internasional bäsleşikde ýeňiş gazananda, ortodoks ýewreýler hem şuňa meňzeş reaksiýa görkezipdiler.

XS
SM
MD
LG