Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti ýurtda aýlyklaryň 9.1% ýokarlanandygyny aýtdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Altyn Asyr" bazarynda, Aşgabat
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Altyn Asyr" bazarynda, Aşgabat

Türkmenistanyň prezidenti şu ýylyň başyndan bäri ýurtda aýlyklaryň 9.1% ýokarlanandygyny aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji maýda hökümet maslahatynda mälim eden sanlaryna görä, şu ýylyň başyndan bäri ýurduň umumy içerki önümçiligi 6.2% ösüpdir, onuň düzüminde döwlete degişli bolmadyk pudagyň paýy 62.2% barabar bolupdyr.

Şeýle-de, Türkmenistanyň prezidenti häzirki wagtda ýurtda umumy bahasy 45 milliard dollarlyk 1900 sany gurluşyk proýektiniň amala aşyrylýandygyny, olardan 1800 proýektiň milli gurluşyk kärhanalary tarapyndan amala aşyrylýandygyny habar berdi.

“Dört aýyň dowamynda ýurtda amala aşyrylan işleriň netijeleri halkara ykdysadyýetiniň ýagdaýy bilen baglylykda bar bolan içerki kynçylyklara garamazdan, biz ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini sakladyk” diýip Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen hökümeti her ýylyň başynda adatça edişi ýaly, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň 10% galdyrýandygyny resmi derejede yglan edipdi.

Resmi kararyň yglan edilmeginden soň ýurtda azyk önümleriniň we hojalyk harytlarynyň bahasy ortaça 30% ýokarlanypdy.

Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ençemesiniň işgärleri soňky aýlarda öz zähmet haklaryndan 15-30% çemesi möçberde puluň tutulýandygyny habar berýärler.

XS
SM
MD
LG