Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanşyň, prezidentiň liftde gabalyp galmagy üçin berk käýinç alan ýedinji baş prokuror


12-nji maýda Türkmenistanyň baş prokurory wezipesine bellenen Batyr Atdaýew.
12-nji maýda Türkmenistanyň baş prokurory wezipesine bellenen Batyr Atdaýew.

Türkmenistan 12-nji maýda özüniň täze baş prokuroryny yglan etdi. Şu aýyň başynda wezipesinden çetleşdirilen öňki baş prokuror Amanmyrat Hallyýewiň ornuna Türkmenistanyň söwda toplumyna gözegçilik eden wise-premýer Batyr Atdaýew bellenildi.

Türkmenistanyň resmi media serişdelerinde şu ýa-da beýleki döwlet wezipesine bellenilen adam barada adatça maglumat berilmeýär. Şol sebäpli internetde ýa-da beýleki çeşmelerde, örän seýrek ýagdaýda kadadan çykma bolmasa, türkmen hökümetiniň wekilleriniň biografiýasy barada maglumat tapyp bolmaýar.

“Türkmen döwlet habarlar gullugy” özüniň 12-nji maýda çap eden maglumatynda, Atdaýewiň wise-premýer wezipesinden boşadylyp, ýurduň baş prokurory wezipesine bellenilmegi barada örän gysga maglumat çap etdi.

Eýse, Batyr Taganowiç Atdaýew kim? Birinjiden, ol Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolany bäri ýurduň ýedinji baş prokurorydyr. Onuň ýaşy barada anyk maglumat ýok. Ýöne Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetine ýakyn çeşmeleriniň aýtmagyna görä, Atdaýew heniz 50 ýaşyny doldurmady.

Ol 1990-njy ýyllaryň başynda, ýagny Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe bolan döwri ýurduň Magtymguly adyndaky döwlet uniwersitetiniň ýuridiki fakultetini tamamlady. Belläp geçsek, şol bir çeşme Atdaýewiň Türkmenistanyň Ýokary sudunyň häzirki başlygy Begenç Çaryýew bilen bir kursda okandygyny tassyklaýar. Iki kursdaşyň arasynda, Azatlygyň söhbetdeşiniň tassyklamagyna görä, “köp ýyllaryň dowamynda berk dostlukly gatnaşyklar emele geldi”.

Atdaýew 2016-njy ýylyň fewral aýynda, ýurduň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenipdi. Ol bu wezipesiniň çäginde ýurduň söwda toplumyna gözegçilik edýärdi. Şeýle-de, ýaňy-ýakynda, ýagny geçen aýyň ortasynda oňa Ahal welaýatyna ýolbaşçylyk etmek tabşyryldy.

Atdaýewiň 2011-nji ýylyň aprel aýyndan başlap, ýedi ýylyň dowamynda ýurduň Ýokary gözegçilik palatasyna başlyklyk edendigi aýdylýar. Ol bu palatanyň başlygy wezipesinde mahaly, ýurtda “gurulýan desgalara gözegçiligi gowşatmakda” prezident tarapyndan berk käýinç almagy hem başarypdy. Şonda “Hronika Türkmenistan” neşiri Atdaýewiň bu berk käýinji almagyna, Berdimuhamedowyň Aşgabatdaky täze prezident köşkler toplumyndaky liftde bir sagat gabalyp galmagy bilen baglanyşykly wakanyň sebäp bolandygyny habar beripdi.

2011-nji ýyla çenli Atdaýew baş prokuroryň işgärleri seçip almak we ýerleşdirmek boýunça orunbasary wezipesini birnäçe ýyl ýerine ýetiripdi. Şol wagtlar ýurduň baş prokurory Çary Hojamyradow bolup, ol bu edaranyň prezident Berdimuhamedow tarapyndan bellenen ilkinji ýolbaşçysydy.

Ýeri gelende aýtsak, geň galdyryjy tarapy, Atdaýew ýurduň baş prokuraturasyndaky wezipesini 2011-nji ýylda, ýagny Hojamyradow baş prokuror wezipesinden çetleşdirilmezden birnäçe aý öň terk etdi. Şeýlelikde, Atdaýewiň prokuratura ulgamyna häzir gaýtadan dolanýandygyny aýdyp bolar.

Azatlygyň çeşmesi Batyr Atdaýewiň baş prokuror wezipesine bellenilmegini hökümetiň iki täsirli agzasynyň maslahat berendigini aýdyp, olaryň şahsyýetini anyklaýan maglumatlary bermekden saklandy. Emma şol bir wagtda, ol täze baş prokuror bilen ýurduň Ýokary sudunyň başlygynyň arasyndaky ýakyn dostlukly gatnaşyklary ýörite nygtap geçdi.

Ýatladyp geçsek, 4-nji maýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Amanmyrat Hallyýewi korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmezlikde aýyplap, ýurduň baş prokurory wezipesinden boşadypdy. Ýöne Azatlygyň çeşmeleri Hallyýewiň gurply adamlardan sentýabrda geçmeli Aziýa oýunlaryny maliýeleşdirmäge pul serişdelerini toplamagy üpjün edip bilmändigi sebäpli wezipesi bilen hoşlaşandygyny aýtdylar.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosy geçen hepde Hallyýewiň hem-de onuň bilen birlikde ýurduň prokuratura we içeri işler edaralarynyň 50 çemesi işgäriniň tussag edilendigini habar beripdi. 12-nji maýda giçlik Türkmenistanyň döwlet telekanalynda ozalky prokuratura işgärleriniň we emeldarlarynyň “sud prosesinden” pursatlar görkezildi.

Anna güni geçirilen hökümet maslahatynda Mämmetnyýaz Nurmämmedow Türkmenistanyň prezidentiniň we Ministrler kabinetiniň iş dolandyryjysy wezipesinden boşadyldy. Ol bu wezipä bary-ýogy dört aý ozal bellenipdi. Onuň wezipesinden boşadylmagynyň sebäpleri barada maglumat berilmedi.

Nurmämmedowyň wezipesi wagtlaýyn Türkmenistanyň prezidentiniň diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň, Türkmenistanyň prezidentiniň Köşkler toplumyny dolandyrmak we düýpli gurluşyklar müdiriýetiniň başlygy Hajymyrat Hajymyradowyň üstüne ýüklenildi.

XS
SM
MD
LG