Sepleriň elýeterliligi

Poroşenko Orsýetiň meşhur sosial ulgamlaryna garşy sanksiýa girizdi


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Kiýew, 14-nji maý, 2017

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Orsýetiň esasy sosial ulgamlaryna we gözleg portallaryna garşy sanksiýalary girizdi we agzalan websaýtlaryň Ukrainanyň giňişliginde petiklenjekdigini aýtdy.

Poroşenkonyň websaýtynda çap bolan sanawda gadagan ediljek internet kompaniýalaryň arasyndaVKontakte, Odnoklassniki, Yandex we Mail.ru topary agzalýar.

Poroşenko agalan internet sahypalaryň elýeterliligini “çäklendirmegi ýa-da ýatyrmagy” talap edýär we Ukrainanyň internet üpjünçilerine olar bilen üç ýylyň dowamynda baglanmagy gadagan edýär.

Bu gadagançylyk esasan orsýet kompaniýalarynyň we şahsyýetleriniň sanawyna goşulýar. Kiýew olaryň Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegi we gündogar Ukrainada 9900 adamyň ölümine sebäp bolan uruşda orsýetçi separatistleri goldamagy bilen bagly agressiýasyna gatnaşygynyň bardygyny aýdýar.

Prezident Poroşenkonyň permanynda internet howpsuzlygy boýunça “Kaspersky Lab” we “DrWeb” atly kompaniýalar, şeýle-de Orsýetiň RBK, Milli “Mediagroup”, TNT we “Ren-TV” telekanallary agzalýar.

Ukraina Orsýetde, Krymda we separatistleriň elindäki Donetsk we Luhansk regionlarynda jemi 468 gurama, 1228 şahsyýete garşy sanksiýa yglan etdi.

XS
SM
MD
LG