Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sowet diktatory Stalin Çeske Budeýowise şäheriniň hormatly ýaşaýjysy adyndan mahrum edildi


Çeske Budeýowise şäheri
Çeske Budeýowise şäheri

Çeske Budeýowise şäheri sowet diktatory Iosif Stalini şäheriň hormatly ýaşaýjysy adyndan mahrum etdi.

Şäheriň geňeşi karary 15-nji maýda tassyklady.

Çehiýanyň günorta şäheri Iosif Staline bu hormatly ady 1945-nji ýylda, Sowet goşunynyň Çehoslowakiýanyň böleklerini nasistik Germaniýadan azat etmeginiň yzýany beripdi.

Çeske Budeýowise şäheri öz hormatly ýaşaýjysy adyndan Stalin bilen bilelikde Çehoslowakianyň birinji kommunist prezidenti Klement Gottwaldy hem mahrum etmek kararyna geldi. Gottwald bu ada 1946 ýylda eýe bolupdy.

Şäheriň geňeşi bu çäräni görmek işine ýylyň başynda girişipdi.

XS
SM
MD
LG