Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä türkmenleri bileleşigi Türkmenistanyň inisiatiwalaryna pozitiw baha berdi


Aşgabatda Dünýä türkmenleri bileleşiginiň konferensiýasy geçirildi
Aşgabatda Dünýä türkmenleri bileleşiginiň konferensiýasy geçirildi

Aşgabatda Dünýä türkmenleri bileleşiginiň 20-nji konferensiýasy geçirildi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 16-nji maýda geçirilen konferensiýanyň gatnaşyjylaryna ýollan hatynda Dünýä türkmenleri bileleşiginiň ençeme ýurtda abraýly gurama hasaplanýandygyny belledi.

“Biziň daşary ýurtlardaky doganlarymyzyň Türkmenistanyň ähliumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, watanyň abraýyny güýçlendirmek boýunça inisiatiwalaryny mydama goldajagyna ynanýaryn” diýip resmi media prezidente salgylanyp, habar berýär.

Dünýä türkmenleri bileleşigi Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň inisiatiwasy bilen 1991-nji ýylda döredilipdi. Resmi maglumatlarda guramanyň dünýäniň 14 ýurdunda 30 çemesi bölüminiň bardygy aýdylýar.

Dünýä türkmenleri bileleşiginiň Türkmenistanda döwletiň guramaçylygynda onlarça ýyl bäri geçirilýän maslahatlarynyň dowamynda adatça bolşy ýaly, şu ýyl hem gatnaşyjylaryň “Türkmenistanyň progressiw inisiatiwalaryna goldaw” bildirendigini resmi media habar berdi.

Bileleşigiň mundan öňki duşuşygy 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň garaşsyzlyk senesiniň 25-ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilipdi.

XS
SM
MD
LG