Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda aýal lybasyny geýnen erkek gödek sorag edildi


Polisiýa saklanan transgenderiň bijaý ýerine depip görmegi teklip etdi.
Polisiýa saklanan transgenderiň bijaý ýerine depip görmegi teklip etdi.

Aşgabatda aýal maşgalanyň lybasyny geýnen we ýalyk atynan bir erkek kişiniň türkmen polisiýasy tarapyndan gödek görnüşde sorag edilýän pursatlaryny görkezýän wideo ýazgy peýda boldy.

“Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiriniň saýtynda, Transgenderleriň halkara gününe gabatlanyp çap bolan bu wideoda, görnüşine görä dört howpsuzlyk işgäri tarapyndan saklanan bu adamdan, paýyş sözleri ulanyp, onuň dostlary we pul üçin jynsy gatnaşyga geçip-geçimeýändigi bilen gyzyklanýan şekilleri görkezilýär.

Anyk haçan ýazga alnandygy mälim bolmadyk bu wideoda aýal lybasyna geýnen erkek kişi polisiýanyň bildirýän aýyplamalaryny ret edenden soň, howpsuzlyk işgärleriniň biri onuň bijaý ýerine depip görmegi teklip edýär.

Polisiýanyň bu haýbatlaryna garamazdan, iň azyndan wideo ýazgyda, el gatma çenli baryp ýetmeýär.

Munuň yzy bilen, howpsuzlyk işgärleriniň başga biri ony “saýratmak üçin” aýdyňlaşdyrylmadyk “bir ýere” äkitmek bilen gorkuzýar.

Tbliside ýaşaýan transgender: Mariýanyň hekaýasy
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:43 0:00

Netijede, polisiýa işgärleri ol saklanandan köýnegini galdyryp, bedeniniň aşagyny ýalaňaçlamagyny talap edýärler. Onuň erkek kişidigi anyklanandan soň, polisiýa oňa paýyş sögünip, köýnegini gaýtadan aşak düşürip bilýändigini aýdýar.

Häzirlikçe ol saklanan adamyň soňky ykbaly barada hiç hili maglumat elýeterli däl. Aşgabadyň polisiýa resmileri hem nähilidir bir kommentariýa bermekden saklandylar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda gomoseksual gatnaşyklary üçin jenaýat jogapkärçiligi göz öňünde tutulandyr. Ýurduň Jenaýat kodeksiniň 135-nji, ýagny Beçebazlyk maddasyna laýyklykda, iki ýyldan bäş ýyla çenli möhlete belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek bilen ýa-da ýüklemän, iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.

Emma “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri bu aýyplamalar bilen saklananlara ýene goşmaça Jyns islegini azgynçylykly görnüşde kanagatlandyrmak ýaly aýyplamalaryň hem goşulyp, has uzak tussaglyk möhletiniň berilýändigine ünsi çekýär.

Neşir bu aýyplamalar bilen saklananlaryň derňew we tussaglyk döwri dürli kemsitmelere hem sezewar edilýändiklerini nygtap geçýär.

Internetde 2009-njy ýylda peýda bolan başga bir wideoýazgyda, howpsuzlyk gulluklaryň işgärleriniň aýal lybasyna geýnen başga bir erkek kişini gödek görnüşde sorag edýän pursatlary peýda boldy.

Onda saklanan adamynyň “özüne el gatyp biljekdigini” aýtmagyna, howpsuzlyk işgärleri saklanan “[munuň] özlerine hiç bildirmeýändigini” aýdýarlar.

Hukuk goraýjy toparlary we BMG Türkmenistanyň bir jynsy wekilleriň arasyndaky seksual gatnaşyklary jenaýat diýip kesgitlemegini aradan aýyrmagy üçin, Aşgabada ençeme gezek çagyryş edipdiler.

Emma türkmen resmileri bu çagyryşlary inkär edip, şu ýylyň martynda Ženewada BMG-niň diňlenişiginde, Türkmenistanyň hasabatyna garalanda, türkmen wekili Şemşat Atajanowa “bu türkmen medeniýetine we türkmenistanlylaryň aňyna ters gelýär... Kanuna beýle üýtgeşmeleri girizmek mümkin däldir” diýipdi.

Türkmenistandaky trans-gender adamlaryň we olaryň türmä basylanlarynyň sany barada hiç bir maglumat elýeterli däl.

XS
SM
MD
LG