ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň häkimiýet başyna geçeli bäri etjek ilkinji daşary ýurt sapary Trampyň kömekçileriniň Orsýetiň resmileri bilen gatnaşyklary boýunça derňewler bilen baglylykda ýurtda krizisiň güýçlenen wagtyna gabat geldi.
Trampyň administrasiýasy onuň Saud Arabystanyna, Ysraýyla, Italiýa we Brussele etjek saparynyň ABŞ-nyň esasy ýaranlary, şol sanda Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen gatnaşyklaryny güýçlendirmegine garaşýar.
Emma Trampyň bu saparyna onuň Federal derňew býurosynyň (FBI) başlygy James Komeýi işden çykarmagy kölege saldy. Komeý Trampyň kömekçileriniň Orsýetiň resmileri bilen gatnaşyklaryny derňeýän agentligine gözegçilik edipdi.
Media maglumatlaryna görä, fewral aýynda Trampyň Komeýe basyş edip, Orsýet bilen gatnaşykda güman edilýän howpsuzlyk boýunça özüniň ilkinji geňeşçisine garşy gozgalan derňewleri bes etmegi talap edipdir.
Şeýle-de Ak Tam Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ABŞ eden saparynyň dowamynda Trampyň “Yslam döwleti” (YD) ekstremist topary barda iňňän gizlin maglumaty paş etmegi bilen baglylykda tankyt edildi.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!