Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan ýerli maşgalany öldüren esgeri ömürlik tussaglyk üçin Orsýete iberdi


Waleriý Permýakow
Waleriý Permýakow

Ermenistanyň Gýumri şäherinde 2015 ýylda bir maşgalanyň ýedi agzasyny öldüren orsýetli esger ömürlik tussaglyk jezasyny çekmek üçin Orsýete iberildi diýip Ermenistanyň Adalat ministrligi aýtdy.

Ministrligiň 18-nji maýda aýtmagyna görä, 21 ýaşly Waleriý Permýakowa degişli bu karara Orsýetiň häkimiýetleri bilen geçirilen maslahatlaryň netijesinde gelnipdir.

Permýakow 2015-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda orta ýaşly maşga başlaryny, olaryň gyzyny, ogluny, gelnini we iki ýaşly gyz agtygyny atyp öldürendigini boýun aldy. Gýümri şäherinde Orsýetiň harby bazasynyň golaýynda ýaşan maşgalanyň öýünde bolan bu hüjümde ýene bir çaga alty aýlyk bäbek pyçaklandy.

Permýakow gyrgynçylykdan birnäçe sagatdan soň Ermenistanyň Türkiý bilen serhedinde tussag edilipdi.

Orsýetiň harby sudy 2015-nji ýylyň awgust aýynda geçiren gysga sud diňlenişiginde Prmýakowy gullukdan gaçmakda we ýarag ogurlamakda aýyplap 10 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Munuň yzýany Ermenistan Permýakowy adam öldürmek aýyplamasynyň esasynda sud edip başlapdy.

XS
SM
MD
LG