Sepleriň elýeterliligi

Wise-prezident Abdul Raşid Dostum Owganystany 'terk etdi'


Owanystanyň gapma-garşylykly wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum

Owanystanyň gapma-garşylykly wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum ýurtdan çykyp, Türkiýä gitdi diýip, resmiler aýtdylar.

Dostumuň metbugat geňeşçisi Ýasin Hamoş 19-njy maýda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna Dostumyň Türkiýä saglyk ýagdaýlary sebäpli gidendigini aýtdy.

Biraz soň, owgan parlamentiniň agzasy we Dostumyň Janbiş partiýasynyň sözçüsi Raşid Ahmad Taýani Aýna TW-sine Dostumuň Türkiýä uçandygyny, emma medisina bejergisini alyp, yzyna geljekdigini aýtdy.

Dostumyň saglyk meselesi barada hiç bir detal elýeterli däl. Bu habar Dostumyň adamlarynyň geçen ýyl onuň bir syýasy bäsdeşini alyp gaçyp, zorlandyklary barada ýaýran we çözülmedik aýyplamlaryň arasynda çykdy.

Bu aýyplamalar ýurt içinde we daşynda Dostumyň derňelmegi we jogapkärçilige çekilmegi baradaky çagyryşlara alyp geldi. Taýany sosial ulgamlarda Dostumyň bu aýyplamalar bilen bagly bosgunlyga gidýändigi barada edilýän gürrüňleri ret etdi.

XS
SM
MD
LG