Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanly Gaipnazarow ikinji ýaryşda hem ýeňiji boldy


Fazliddin Gaibnazarow

2016-njy ýylda Rio Olimpiadasynda Özbegistan üçin altyn medal utan Fazliddin Gaibnazarow Nýu-Ýorkda amerikan bokçysy Augustine Maurasy ýeňip, iki professional boks ýaryşynda ikinji ýeňşini gazandy.

Gaibnazarow 20-nji maýda, 140 funtlyk kategoriýada sekiz raundda söweşip, 20 utuk gazandy we Maurasdan biragyzdan ýeňiji diýen karar esasynda üstün çykdy.

25 ýaşyndaky Gaibnazarow hemme raundda ýeňdi diýip, sudýalar aýtdylar. Özbek boksçysy 23-nji aprelde, Los Anjelesde bolan professional ýaryşda hem ýeňiji boldy.

XS
SM
MD
LG