Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe döwlet agdarylyşygy bilen ilteşikli diýilýän 220 adamyň sud diňlenişigine başlady


Türkiýede başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygyna gatnaşmakda güman edilýän harbylar sud zalyna äkidilýär.
Türkiýede başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygyna gatnaşmakda güman edilýän harbylar sud zalyna äkidilýär.

Türkiýe 2016-njy ýylyň iýul aýynda prezident Rejep Taýýyp Erdogana garşy amala aşyrylan başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygynyň baş liderleriniň arasynda bolmakda güman edilýän 220-den gowrak adamyň sud diňlenişigine başlady.

22-nji maýda Ankaranyň çetinde ýerleşýän türmedäki uly sud zalynda sud işine seredilýän tussaglaryň arasynda 26 sany öňki general hem bar.

Erdoganyň hökümeti geçen ýylyň 15-nji iýulynda amala aşyrylan başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň Birleşen Ştatlarda ýaşaýan musulman ruhanysy Fethullah Gülen tarapyndan guramalaşdyrylandygyny öňe sürýärler. Bu aýyplamalary Gülen doly ret edýär.

Gülen bu wakada günälenýän 221 şübheliniň we türmede bolmadyk dokuz adamyň biridir.

Türkiýedäki sud diňlenişigi türk paýtagtynyň çetinde ýerleşýän Sinjan türme toplumyndaky sud zalynda geçirilýär. Türkiýäniň iň uly sud zaly ýurtdaky harby döwlet agdarylyşygy synanyşygy bilen ilteşikli sud diňlenişiklerini geçirmek maksady bilen ýörite guruldy. Onda 1500-den gowrak adam üçin niýetlenen ýer bar.

XS
SM
MD
LG