Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Başa barmadyk agdarylyşygy gurnandygy aýdylýanlar sud edilýär


Aýyplanýanlar suduň zalyna howpsuzlyk güýçleri tarapyndan getirildiler.

Türkiýede geçen ýylyň iýulynda prezident Rejep Taýýyp Erdogana garşy başa barmadyk harby agdarylyşygy gurnamakda möhüm rollary oýnandygy aýdylýan 220 töweregi tussagyň üstünden sud diňlenişigi başlady.

Sud edilýänleriň arasynda, ozalky 26 sany general hem bar.

Erdoganyň hökümeti 15-nji iýuldaky agdarylyşyk synanyşygynyň arkasynda ABŞ-da ýaşaýan yslam ruhanasy Fethullah Güleniň durandygyny öňe sürýär. Gülen öz gezeginde bu aýyplamalary ret edýär.

ABŞ-nyň Pennsilwaniýa ştatynda bosgunlykda ýaşaýan Gülen 221 güman edilýänleriň arasynda hem agzalýar. Ol tussag edilmedik dokuz şübheliniň biridir.

Diňlenişik Ankaranyň etegindäki, ýurduň iň uly sud zalynda geçirilýär. Bu ýer Sinjan türmesiniň ýerinde ýörite hökümet agdarylyşygy bilen bagly işlere seretmek üçin gurlupdy.

Aýyplanýanlar suduň zalyna howpsuzlyk güýçleri tarapyndan getirildiler.

Türk baýdagyny galgadýan onlarça demonstrantçy aýyplanýanlara gygyryp: “Biz olara ölüm jezasynyň berilmegini isleýäris” diýip çagyryş etdiler.

Sud edilýän ozalky generallaryň arasynda, ýurduň harby howa güýçleriniň öňki ýolbaşçysy Akin Öztürk we häkimiýet başyndaky partiýanyň kanunçykaryjysy Saban Disliniň dogany Mehmet Disli hem bar.

Erdoganyň ozalky harby maslahatçysy, polkownik Ali Ýaziji hem aýyplanýanlarynyň hatarynda sud edilýär.

Erdoganyň edarasy başa barmadyk harby agdarylyşykda 248 adamyň ölendigini aýdýar. Bu sana harby agdarylyşygy geçirmäge synanyşdy diýilýän, gazaplylykda öldürilen 24 adamyň ady geçmeýär.

Sud diňlenişiginiň başlanmagy bilen, adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” topary ýörite hasabat çap edip, onda Ankarany başa barmadyk agdarylyşykdan soň, döwlet wezipesindäki adamlary “eden-etdilikli ýagdaýda” işinden boşatmakda aýyplady.

15-nji iýuldaky wakalardan soň, Türkiýede Güleniň hereketi bilen ilteşiklidir öýdülýän 47 müň töweregi adam tussag edilipdi. Şeýle-de döwlet, şol sanda harby wezipelerde işleýän 100 müň töweregi adam işinden boşadyldy.

Galyberse-de, başa barmadyk harby agdarylyşykdan soň, Türkmenistanda hem Güleniň hereketi bilen gatnaşygy bardyr öýdülýän onlarça adam, şol sanda telekeçiler we mugallymlar tussag edilip, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilipdiler.

XS
SM
MD
LG