Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew Tillerson bilen duşuşyp, has ýakyn hyzmatdaşlyga isleglidigini aýtdy


Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew we Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson.

Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson bilen duşuşyp, iki ýurduň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlyklaryň bolmagyny umyt edýändigini aýtdy.

Nazarbaýew Tillerson bilen, 21-nji maýda Saud Arabystanynyň Riad şäherinde ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň gatnaşmagynda geçirilen musulman ýurtlarynyň sammitiniň çaginde duşuşdy.

Gazak prezidentiniň edarasynyň maglumatyna görä, Nazarbaýew “Gazagystan bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky özara gatnaşygyň hil taýdan täze ösüş derejesine ýetmegine umyt baglaýandygyny beýan etdi”.

Energiýa baý Gazagystanyň Russiýa bilen ýakyn gatnaşyklary bar. Ýöne şol bir wagtda, Astana günbatar ýurtlary we beýleki döwletler bilen bir hatarda goňşusy Hytaý bilen hem gatnaşyklary dikeltmäge synanyşýar.

XS
SM
MD
LG