Sepleriň elýeterliligi

Türk işgäri Türkmenistandaky zähmet hakynyň berilmegini soraýar


Illýustrasiýa

Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurt firmalarynyň arasynda türkler agdyklyk edýär. Türk firmalary we türk işçiler bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky algy-bergi dawalary barasynda hem häli-şindi halkara metbugatynda dürli maglumatlar berilýär.

Öz başdan geçirýän ýagdaýlaryny metbugata aýan etmek üçin, Azatlyk Radiosyna ýüz tutan türk işgäri Erol Egrek 2004-nji ýylyň 20-nji martyndan, 2009-njy ýylyň 27-nji iýulyna çenli Türkmenistanda maşgalasy bilen bilelikde ýaşap, "Çalyk Grup" şereketler toplumynyň Gyzylarbatdaky Balkan dokma fabrigi, Kakadaky Serdar ýüplük fabrigi, Gypjakdaky Türkmenbaşy Jeans kompleksi ýaly iş ýerlerinde, elektrik-elektronik tehniki hünärmen bolup işläpdir.

Onuň aýtmagyna görä, "Çalyk Grup" şereketi işden aýrylanlara Türkmenistanyň tekstil senagaty ministrliginiň adyndan iş we sosial kompensasiýalary tölänem bolsa, onuňkyny "möhleti geçendigini" öňe sürüp, tölemekden ýüz öwrüpdir.

Erol Egregiň Türkmenistanda işlän döwri şahsyýetini anyklamak üçin berlen resminama.
Erol Egregiň Türkmenistanda işlän döwri şahsyýetini anyklamak üçin berlen resminama.

Ondan soň dürli ýollardan kanuny ýagdaýda hakyny talap eden Erol Egrek "Çalyk Grup" firmasy tarapyndan "Siziň biziň bilen dahylyňyz ýok. Siz Türkmenistanyň tekstil senagaty ministrligine ýüz tutuň" diýen jogaby alýar. Erol Egrek onuň yz ýanyndan Türkmenistanyň prezidentine we degişli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şeýle arza ýazýar:

"Türkmenistanda 4 çagam we aýalym bilen bilelikde ýaşadym. Bu möhletiň dowamynda Türkmenistanyň kanunlaryna, ahlagyna we medeniýetine hormat bilen ýaşadym. Emma aşakda görkezjek mowzugym meni we maşgalamy kyn ýagdaýa goýup, bize zeper ýetirdi. Bu mowzukda maňa we maşgalama kömek etmegiňizi sizden haýyş edýärin".

Türkmenistanda 2004-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli "Çalyk Grup" firmasynda işläp gaýdan elektrik-elektronik tehniki hünärmeni Erol Egrek firmanyň özüni hiç hili tutaryk görkezmän wezipesinden boşadyp, özüne gerekli kompensasiýany hem henize çenli tölemeýändigini öňe sürýär. Onuň talap edýän kompensasiýasynyň mukdary 80 müň amerikan dollaryna barabar bolup, ol dürli iş hem sosial kompensasiýalary, aýlyklary, artykmaç çekilen zähmetiň hakyny, ýyllyk iş rugsadynyň tölegini, sosial haklaryň tölegini, dini we resmi dynç alyş günlerde işlän zähmet haklaryny öz içine alýar.

Erol Egrek we onuň çagalary.
Erol Egrek we onuň çagalary.

Azatlyk Radiosyna interwýu beren türk işgäri Erol Egrek häzirki ýagdaýda Türkmenistanyň prezidentinden we degişli ýolbaşçylaryndan ýokaryda agzalan özüne berilmeýän kompensasiýalaryň tölenmegi barasynda kömek soraýar.

Azatlyk Radiosyna gowuşýan hatlaryň birinde, howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran bir türk gurluşyk hünärmeni şeýle maglumat berýär, ýagny olaryň firmasy 2013-nji ýylda Etrek-Gyzylarbat arasyndaky "Beýik ýüpek ýoly" demir ýolunyň ugrunda ýerleşýän Akýaýla, Etrek we Gubadagyň golaýyndaky ýene bir demir ýol duralgasynyň gurluşygyny amala aşyrýar. Ýöne ýerli türkmen firmasy kärendeçi türk firmasyna 87000 amerikan dollary möçberindäki iş hakyny tölemän kowup goýberýär.

Sözümizi jemläp aýtsak, agzalýan ýagdaýlar barasynda, Türkmenistanyň we Türkiýäniň degişli taraplaryndan haýsam bolsa bir kommentariýa ýa-da jikme-jik maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG