Sepleriň elýeterliligi

Tramp: Parahatçylyk ylalaşygynyň baglaşylmagy üçin elimden gelenini etjek


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas. 23-nji maý, 2017 ý.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Iordan derýasynyň günbatar kenaryna eden saparynyň dowamynda Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda parahatçylyk ylalaşygynyň baglaşylmagy üçin “elimden gelenini etjek’ diýdi.

“Men ysraýyllylar bilen palestinalylaryň arasynda parahatçylyk ylalaşygynyň baglaşylmagyny üpjün etmek isleýärin we olaryň bu maksada ýetmeklerine ýardam bermek üçin elimden gelenini etmegi meýilleşdirýärin” diýip, Tramp 23-nji maýda Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bilen geçiren gepleşiklerinden soň aýtdy.

Tramp şu ýylyň ýanwar aýynda öz wezipesine girişeli bäri daşary ýurtlara ilkinji resmi saparyny amala aşyrýar. Ol Ysraýyla barmazdan ozal, öz aýtmagyna görä, ysraýyllylar bilen palestinalylaryň arasynda “gutarnykly ylalaşyk” boýunça öňegidişlik gazanmaga synanyşjakdygyny aýdypdy.

22-nji maýda Tramp Ysraýyla baransoň, Ýakyn Gündogara parahatçylygy getirmek üçin “seýrek mümkinçiligiň” bardygyny belledi.

23-nji maýda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Britaniýanyň Mançester şäherine edilen we azyndan 22 adamyň, şol sanda çagalaryň ölümine sebäp bolan bomba hüjümini hem ýazgardy we onuň “päliýamanlar” tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy. Şeýle-de, Tramp wakada pida bolanlara we olaryň maşgalalaryna “çuňňur gynanç” bildirdi.

XS
SM
MD
LG