Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan energiýa syýasatyny ‘üýtgetmeli’


Ekspertler Türkmenistanyň öz gazyny halkara bazyna çykarmakda, uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyna ünsi çekýärler.

Şu gün “Awaza” syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň VIII halkara Gaz kongresi öz işine başlady.

Iki gün dowam etjek bu Kongrese dünýäniň nebit-gaz kompaniýalary, halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşýar diýlip, resmi maglumatda aýdylýar.

Kongresiň websaýtynda ýerleşdirilen maglumatda aýdylyşyna görä, çäräniň dowamynda türkmen gazynyň eksportynyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, döwletara gaz geçirijilerini gurmak, ýurda maýa goýumlaryny çekmek üçin döredilen şertler we mümkinçilikler, dünýä gaz bazarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri baradaky meselelere garalar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem öz gezeginde Gaz kongresine gatnaşyjylara ýollan hatynda, Türkmenistanyň dünýäniň iň kuwwatly energiýa döwletleriniň biridigini aýdyp, ýurduň geosyýasy ýerleşişi uly halkara gazgeçiriji proýektlerini durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýändigini öňe sürdi.

Şol bir wagtda, halkara energiýa ekspertleri energiýa resurslaryna baý Türkmenistanyň öz gazyny halkara bazyna çykarmakda, uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyna ünsi çekýärler. Energiýa howpsuzlyk bilermeni Jon Roberts bu barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi:

“Türkmenistan dünýäniň gury ýerdäki iň uly gaz ýataklarynyň biriniň üstünde otyr. Emma ýurduň muny daşarky bazara eksport etmek mümkinçilikleri juda çäkli. Munuň sebäbi hem juda sada: eksport bu hyzmatdaşlygyň esasynda amala aşyrylýar. Öndüriji haryt ahyrky nokadyna baryp ýetýänçä, ähli tapgyrlarda işjeň rol oýnaýar. Emma türkmen resmileri muňa düşünmeýärler. Olar gazyny diňe öz serhedinde satmalydyr diýip pikir edýärler”.

Şol bir wagtda, Kongres aglaba energiýa serişdeleriniň eksportyndan gelýän girdejilere bagly Türkmenistanyň nebitiň we gazyň bahalarynyň aşak gaçmagy sebäpli, agyr maliýe kynçylyklaryny çekýändigi aýdylýan döwrüne gabat galdy.

Dünýä bazaryndaky uglewodorod serişdeleriniň peselmegi bilen birlikde, Türkmenistan gazyny eksport eden üç ugurynyň ikisi boýunça gaz akdyrmagyny bes etdirdi.

Ýatladyp geçsek, Russiýa geçen ýylyň ýanwaryndan bäri türkmen gazyny almagyny togtatdy. Şeýle-de, şu ýylyň başyndan bäri, baha düşünişmezlikleri sebäpli, türkmen gazynyň Eýrana eksporty togtadyldy.

Mundanam başga, Türkmenistanyň ýeke-täk galan ugry, ýagny Hytaýa akdyrýan gazynyň mukdarynyň artdyrylandygy aýdylsa-da, ondan gelýän girdejiniň öňküsine görä peselendigine üns çekilýär.

Naturalgasworld neşiriniň Hytaýyň gümrük gullugynyň statistiki maglumatlaryna salgylanyp berýän maglumatyna görä, 2016-njy ýylda türkmen gazynyň Hytaýa eksporty 6% artyp, 29,64 milliard m3 deň bolan bolsa, ondan gelýän girdeji 28% peselip, $5,48 milliarda barabar bolupdyr.

Jon Roberts bu ýagdaýlara ünsi çekip, Türkmenistanyň energiýa syýasatynyň üýtgedilmelidigini aýtdy.

“[Türkmenistanyň] tutýan ýoly garaşylýan netijeleriň iň bärkijesini hem bermän gelýär. Eger-de bir ýurt iň uly gaz ýatagynda oturýan bolsa, onuň nähili hem bolsa bir baý döwlet boljakdygyna garaşylýar” diýip, energiýa howpsuzlygy boýunça ekspert Jon Roberts Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Galyberse-de, türkmen emeldarlarynyň ýurduň gaz pudagynyň mundan beýläk hem özgermegine ýardam berjekdigini aýdýan bu Kongresiň dowamynda, Türkmenistanyň ýüzbe-ýüz bolup duran ýokarda beýan edilen meseleleriniň maslahat edilip-edilmejekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG