Sepleriň elýeterliligi

Serdar Berdimuhamedow syýasy mirasdüşermi?


Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly – Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasy Tatarystanyň paýtagty Kazana sapar edip, ol ýerde Respublikanyň prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşyk geçirdi.

Geçen hepde Türkmenistanyň Mejlisiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň “Russiýa-yslam dünýäsi: “Kazansummit-2017” IX Halkara ykdysady geňeşiniň umumy mejlisine gatnaşmagy barada, türkmen mediasynda ýörite maglumatlar hem berildi.

Eýse, prezidentiň oglunyň ýokary derejeli döwletara duşuşyklaryna gatnaşdyrylyp, bu barada ýerli mediada habarlaryň taýýarlanyp başlanmagynyň ýurduň syýasy durmuşynda nähili ähmiýeti bar? Bu soraga Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Panniýer jogap bermäge synanyşdy.

B.Panniýer: Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüne bir mirasdüşer taýýarlap başlajakdygy baradaky pikirler öňden bardy. Häzirki ýagdaýlardan çen tutulsa, onda onuň ogly – Serdara mirasdüşer hökmünde garalýandygyny aýtsa bolar.

Serdaryň Tatarystana sapara ugradylmagy bilen onuň günlerde bir gün ýurt başyna geçip biljekdiginiň häzirden duýdurylýan bolmagy hem mümkin.

Bu ýerde meseläniň başga ýene bir gyzykly tarapy bar. Bilşimiz ýaly, soňky wagt türkmen-rus gatnaşyklary birneme dartgynly döwürleri başdan geçirýärdi. Öz ogluny ugratmak bilen Berdimuhamadow gepleşiklere taýýardygyny bildirmek islän bolmagy hem ähtimal.

Azatlyk Radiosy: Brýus, Serdar Berdimuhamedowyň syýasy karýerasy barada gürrüň edäýsek. Serdar Bedimuhamedow geçen ýylyň noýabrynda Mejlise deputat saýlanypdy. Aradan üç aý töweregi geçenden soň, ol Mejlisiň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlandy. Mundan öň, türkmen mediasy prezidentiň oglunyň iş we durmuş ýoly barada juda çäkli derejede maglumat berýärdi. Serdar Berdimuhamedowyň deputatlyga saýlanmagyndan ozal, onuň eýelän döwlet wezipeleri barada asla-da maglumat ýokdy. Emma şol pursat onuň Daşary işler ministrliginde bölüm müdiri, ýagny halkara habar serişdeleri bilen aragatnaşyk departamentiniň ýolbaşçysy bolup işländigi tassyk edildi. Siz bu barada näme aýdyp bilersiňiz?

B.Panniýer: Muny täjik prezidenti Emomali Rahmonyň ogly – Rustam Emomaliniň karýera ösüşi bilen deňeşdirip bolar. Emma nähili-de bolsa, Rustamyň syýasy ösüşi edil, Serdaryňky ýaly tiz bolmandy. Ol bir wezipede üç ýyl çemesi oturandan soň, nobatdaky häkimiýet kürsüsine geçipdi.

Mundan iki ýyl çemesi ozal Serdar barada hiç zat bilinmeýärdem ahyryn. Diňe “Berdimuhamedowyň bir ogly barmyş” diýen äheňde gürrüň edilýärdi.

Emma häzir birden howsala düşülip, Berdimuhamedowyň oglunyň bir wezipeden beýleki wezipä bellenmeginiň, onuň telewideniýede görkezilip başlanmagynyň sebäpleri aýdyň däl.

Näme boljagyny indi ýene görmeli bolar. Ýöne bärde prezidentiň töweregindäkilere ynam, has dogrusy ynamsyzlyk meselesiniň hem möhüm faktor bolup durýan bolmagy mümkin. Berdimuhamedow daşyndaky emeldarlaryna bil baglamaýandygy üçin, öz ogluny ýokary wezipelere belleýän bolmagy gaty ähtimal.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG