Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan premýer-ministri Mançesterde ‘terrorçylykly hüjümiň’ bolandygyny aýtdy


Mançesterde wakanyň bolan ýerindäki adamlar we polisiýa işgärleri.
Mançesterde wakanyň bolan ýerindäki adamlar we polisiýa işgärleri.

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Maýiň aýtmagyna görä, 22-nji maýda Mançester konsertinde bolan partlamanyň “rehimsiz terroristik hüjümdigine indi şübhe ýok”, polisiýa hüjümçiniň kimdigini kesgitläpdir.

23-nji maýda premýer-ministriň edarasynda geçen gyssagly ýygnakdan soňra Maý Mançester Arenada 22 adamyň ölümine we 59 adamyň ýaralanmagyna getiren partmamanyň doly anygyna ýetmek üçin, polisiýa bilen howpsuzlyk gulluklarynyň iş alyp barýandyklaryny aýtdy.

Ol: “Bir ýeke-täk terroristiň partlaýjy enjamyny konsert zalynyň çykalgasynyň golaýynda partladandygyny biz indi bilýäris. Ol köpräk adamy öldürmek we ýaralamak üçin, bilkastlaýyn belli bir wagty we ýeri saýlap alypdyr” diýdi.

“Ölenleriň arasynda ýaşlar we çagalar köp” diýip, Maý belledi. Onuň aýtmagyna görä, ýaralanan 59 adamyň aglabasy agyr ýagdaýda. Olar Mançesteriň 8 keselhanasynda bejergi alýar.

Mançesterdäki partlamada azyndan 22 adam öldi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:36 0:00

Hüjümde bombaçynyň özi-de ölüpdir. Maý polisiýa tarapyndan alnyp barylýan barlaglara ýaňy başlanandygy sebäpli, hüjümçi barada jikme-jik maglumat berilmejekdigini aýtdy.

Britaniýanyň polisiýasy Mançester şäherinde, güman edilişine görä, janyndan geçen bir hüjümçiniň konsertden çykyp gelýän märekä eden bombaly hüjüminde, azyndan 22 adam ölüp, 59 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi. Ölenleriň arasynda çagalar-da bar.

Şaýatlar 22-nji maýda agşam sagat 10:35-de “Mançester Arena” konsert zalyndan çykyp gelýärkäler “güýçli partlamany” eşidendiklerini aýdýarlar.

Mançester polisiýasynyň sözçüsi Ian Hopkinsiň 23-nji maýda ir ertir aýtmagyna görä, derňewçiler partlamany bir adamyň “ýekelikde amala aşyrandygyna” ynanýarlar.

Hopkins hüjümçiniň kimligi hakda maglumat bermän, onuň partlamada ölendigini aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini dessine öz üstüne alan ýok. Ýöne “Yslam döwleti” atly ekstremistik toparyň tarapdarlary internetde hüjümi gutladylar.

23-nji maýda gyssagly ýygnak geçiren premýer-ministr Tereza Maý bir beýanatda häkimiýetleriň bolan aýylganç terroristik hüjüm hakda polisiýanyň edinen maglumatlarynyň üstünde iş alyp barýandyklaryny mälim etdi.

Içeri işler ministri Amber Rudd hem hüjümi “konsertden çykyp gelýän ýaşlara we çagalara bilkastdan gönükdirilen wagşyçylykly hüjüm” diýip atlandyrdy.

Partlamadan soňra Britaniýanyň syýasy partiýalary 8-nji iýuna planlaşdyrylan parlament saýlawlary boýunça tutuş ýurtda alnyp barylýan saýlaw kampaniýasyny wagtlaýyn togtatmak kararyna geldiler.

Bu aralykda tutuş dünýäde syýasy liderler hüjümi ýazgardylar.

23-nji maýda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp hüjümi amala aşyranlar “utulan ýaramazlar” diýdi.

Betlehem şäherinde palestinalylaryň prezidenti Mahmud Abbas bilen geçiren gepleşiginden soňra Tramp hüjümi “bigünä çagalary” awlan hüjüm diýip atlandyrdy.

Tramp şeýle hem “siwilizlenen milletler adamlaryň janyny goramak üçin birleşmeli” we bu “pis ideologiýa ýok edilmeli, tutuşlygyna ýok edilmeli” diýdi.

23-nji maýda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel hüjüm barada “gaýgy we ýigrenç” bildirip, terrora garşy göreşde Germaniýanyň Britaniýany goldajakdygyny aýtdy.

Ol bir beýanatda şeýle diýdi: “Bu terroristik diýip güman edilýän hüjüm biziň bular ýaly adamkärçiliksiz işleri gurnap, amala aşyrýanlara garşy britan dostlarymyz bilen bile işleşmek kararymyzy güýçlendirer. Men britan halkyny ynandyrýan: Germaniýa siziň tarapyňyzda durar”

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron hem pidalaryň käbiriniň çagalardygyny belläp, hüjüme “ýigrenç” bildirdi. Özüniň Maý bilen gürleşjekdigini aýtdy.

Kreml tarapyndan çykarylan bir beýannamada rus prezidenti Wladimir Putine salgylanylyp, öz ýurdunyň “bu utançsyz, adamkärçiliksiz jenaýaty” berk ýazgarandygy aýdylýar.

Hytaýyň döwlet telekanaly “CCTV” tarapynda berlen bir habarda prezident Şi Jinpingiň Melike Elzabete “tüýs ýürekden gynanç” bildirendigi aýdylýar.

“CCTV” telekanalynyň habarynda Şiýe salgylanyp: “Şu kyn wagtda hytaý halky britan halkynyň tarapynda berk durar” diýilýär.

Hüjümden soňra tutuş Britaniýada howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

XS
SM
MD
LG